BILIM

Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi : “Açyk Gapylar 2023”

Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdeb Açyk gapylar” gününi yglan edýär. “Mugallymlar gazetinde” çap edilen bildirişe görä,Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi 2023—2024-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 22-nji aprelinde we 10-njy maýynda sagat 10:00-da  «Açyk Gapylar» günlerine çagyrýar.

«Açyk Gapylar» günlerine çagyrýar. «Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada alyp barýan özgertmelerine laýyklykda, Mugallymçylyk mekdebinde taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, okuw-usuly, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, talyplaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin döredilen ähli şertler barada giňişleýin maglumatlar berler.

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň salgysy:

Aşgabat şäheri. Görogly köçesiniň 124-nji jaýy.

Telefon belgileri: 90-62-04; 90-63-96.

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda  bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Aş­ga­bat gur­lu­şyk or­ta hü­när mek­de­bi: “Açyk Gapylar 2023”

Ýene-de okaň

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler