DÜNÝÄ

Ýamaýkaly gyz dünýä gözeli täjini geýdi

Her ýyl geçirilýän “Dünýä Gözeli” (Misss World) basleşiginiň bu ýylky ýeňijisi mälim edildi. Ol ýamaýkaly Toni-Ann Singhdyr. Singh 69-njy gezek geçirilýän “Dünýä Gözeli-2019” bäsleşiginiň täjiniň eýesi boldy.

Dünýä gözeliniň täjine eýe bolan 23 ýaşly ýamaýkaly Singh ABŞ-nyň Florida döwlet uniwersitetinde zenanlaryň pelsepesini öwrenmek hünäri boýunça bilim alýar. “Miss World” internet sahypasynda bellenilip geçilişine görä, Toni-Ann Singhiň lukmançylyk ugry boýunça bilimini dowam etdirmegi hem-de lukman bolmagy maksat edinýändigi aýdylýar.

Ol mundan ozal Karib deňzi sebitiniň talyplarynyň bileleşiginiň ýolbaşçysy wezipesini ýerine ýetiripdi. Toni özüniň boş wagtlarynda aýdym aýtmak, tagam taýýarlamak we gysga görnüşdäki wideolary paýlaşmak bilen meşgullanýar we olardan lezzet alýar. Ol operanyň klassiki görnüşini ýerine ýetirmek başarnygy bilen hem tapawutlanýar.

 

 

 

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk