2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi, oňa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdylar.
Prezidentler dostlukly we ynanyşmak ýagdaýynda Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän möhüm meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys halkara we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Prezidentler Hazar deňzi boýunça Aşgabatda (2002-nji ýylda), Tähranda (2007-nji ýylda), Bakuwda (2010-njy ýylda), Astrahanda (2014-nji ýylda) we Aktauda (2018-nji ýylda) geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklarda kabul edilen çözgütleriň möhümdigini hem-de olary netijeli durmuşa geçirmegiň zerurdygyny bellediler.
Prezidentler 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmeginiň ähmiýetine ýokary baha berdiler.
Prezidentler hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary mümkinçiliginiň bardygyny bellediler hem-de Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygynyň derejesine oňyn baha berdiler.
Prezidentler Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugyň ýörelgelerine we kadalaryna eýerýändiklerini tassyklap, Hazar deňzi sebitiniň dünýäde artýan ornuny göz öňünde tutup, Hazarýaka döwletleriň sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny saklamaga, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ekologik howpsuzlygy üpjün etmäge, medeni-ynsanperwer, ylmy hem-de beýleki gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Prezidentler Hazar deňzinde kenarýaka döwletleriň alyp barýan işleriniň şu ýörelgeler, ýagny:
1) döwletleriň özygtyýarlylygyna, çäkleriniň bitewüligine, garaşsyzlygyna, özygtyýarly deňhukuklylygyna hormat goýmak, güýji ýa-da güýç ulanmak howpuny salmagy ulanmazlyk, birek-birege hormat goýmak, hyzmatdaşlyk etmek, birek-biregiň içerki işlerine gatyşmazlyk;
2) Hazar deňzini parahatçylykly maksatlar bilen peýdalanmak, ony parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk zolagyna öwürmek, Hazar deňzi bilen bagly ähli meseleleri parahatçylykly serişdeler arkaly çözmek;
3) Hazar sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek;
4) Hazar deňzinde kenarýaka döwletleriň ýaraglarynyň durnukly deňeçerligini üpjün etmek, harby gurluşygy ähli kenarýaka döwletleriň bähbitlerini nazara almak bilen, göwnejaý ýeterligiň çäklerinde amala aşyrmak, birek-biregiň howpsuzlygyna zyýan ýetirmezlik;
5) sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmek boýunça umumy tagallalara, şol sanda ähli kenarýaka döwletleriň arasynda baglaşylan halkara şertnamalara laýyklykda, harby işler ulgamynda ylalaşylan ynanyşmak çärelerini berjaý etmek;
6) Hazar deňzinde kenarýaka döwletlere degişli bolmadyk harby güýçleriň bolmazlygy;
7) haýsydyr bir kenarýaka döwletiň öz çäklerini beýleki döwletlere islendik kenarýaka döwletleriň garşysyna agressiýany we beýleki harby hereketleri amala aşyrmak üçin bermezligi;
8) kenarýaka döwletleriň özygtyýarly we aýratyn hukuklarynyň we şunuň bilen baglylykda kenarýaka döwletleriň kesgitlän işleriniň görnüşleri babatda olaryň kesgitlän kadalarynyň berjaý edilmeginde her kenarýaka döwletiň territorial suwlarynyň daşky çäkleriniň daşynda deňizde ýüzmek erkinligi;
9) deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek;
10) halkara hukugyň ählumumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary hem-de degişli kenarýaka döwletleriň ylalaşmalary esasynda, üstaşyr geçirýän kenarýaka döwletiň kanuny bähbitlerini göz öňünde tutup, halkara söwdany we ykdysady ösüşi giňeltmek maksady bilen, Hazar deňzinden beýleki deňizlere, dünýä ummanlaryna çykmagyň we olardan Hazar deňzine girmegiň erkin elýeterli edilmegine hukuk;
11) gämileriň Hazar deňzinde ýüzmegi, oňa girmegi/ondan çykmagy diňe kenarýaka döwletleriň her biriniň baýdagy astynda amala aşyrmagy;
12) bilelikdäki suw biologik serişdelerini täzeden öndürmek we olary peýdalanmagy düzgünleşdirmek boýunça ylalaşylan ölçegleri we kadalary ulanmak;
13) hapalama ýol berýän kenarýaka döwletiň Hazar deňziniň ekologik ulgamyna ýetiren zyýany üçin jogapkärçilik çekmegi;
14) Hazar deňziniň tebigy gurşawyny goramak, onuň biologik serişdelerini gorap saklamak, dikeltmek we rejeli peýdalanmak;
15) Hazar deňziniň biologik serişdeleriniň ekologiýasy, olary gorap saklamak we peýdalanmak babatda ylmy barlaglaryň geçirilmegine ýardam bermek;
16) raýat howa gämileriniň Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň kadalaryna laýyklykda erkin uçmagy;
17) kenarýaka döwletleriň özygtyýarly we diňe özlerine degişli hukuklarynyň, şeýle hem olaryň şunuň bilen baglylykda barlaglaryň belli bir görnüşlerine degişlilikde kesgitlän kadalarynyň berjaý edilmeginde, kenarýaka döwletleriň ylalaşan hukuk namalaryna laýyklykda, her bir kenarýaka döwletiň territorial suwlarynyň çäkleriniň daşynda deňiz ylmy barlaglaryny geçirmek esasynda amala aşyryljakdygyny ýene-de tassykladylar.
Prezidentler hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna syn bermek hem-de bäştaraplaýyn resminamalary ylalaşmagy utgaşdyrmak maksady bilen, Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň yzygiderli esasdaky işiniň möhümdigini bellediler.
Hazar deňzinde göni çykyş ugurlaryny kesgitlemegiň usulyýeti hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny bäştaraplaýyn görnüşde çaltrak ylalaşmak Hazar boýunça gepleşikleriň ilkinji nobatdaky wezipesi bolup durýar.
Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak we hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak maksady bilen, bäştaraplaýyn pudaklaýyn usullaryň çäklerinde daşary işler ministrleri yzygiderli esasda duşuşyklary hem-de ara alyp maslahatlaşmalary geçirerler, şol duşuşyklaryň we maslahatlaşmalaryň barşynda Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, çuňlaşdyrmagyň, amatly ýagdaýa getirmegiň, onuň görnüşlerini kämilleşdirmegiň meselelerine serediler, Hazar sammitleriniň çözgütlerini durmuşa geçirmek, gün tertibini hem-de jemleýji resminamalarynyň sanawyny taýýarlamak, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meselelere seretmek üçin ylalaşylan çäreler işlenip taýýarlanar.
Prezidentler Hazar deňzinde kenarýaka döwletleriň hyzmatdaşlyk etmeginiň hukuk esaslaryny emele getirmegiň barşyna kanagatlanma bildirdiler we bu ugurda netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler.
Prezidentler Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň hukuk esaslaryny ösdürmekde häzirki döwürde işlenip taýýarlanylýan bäştaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny ylalaşmagy çaltlandyrmagyň, şeýle hem ozal gol çekilen ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça geňeşmeleri dowam etmegiň möhümdigini nygtadylar.
Prezidentler sanitariýa-epidemiologiýa häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýokanç keselleriň tiz ýaýramagyna garşy çäreleri görmek babatda tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň häzirki döwürde Hazarýaka ýurtlaryň öňündäki baş wezipeleriň biri bolup durýandygy barada umumy bir pikiri beýan etdiler. Koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy sebäpli ýüze çykan çylşyrymly şertlerde Hazarýaka ýurtlaryň özara goldawynyň we raýdaşlygynyň ýüze çykmagy kanagatlanmak bilen bellenip geçildi.
Hazarýaka döwletleriň arasyndaky ykdysady we tehnologik gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigi, 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşyda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň orny nygtaldy. Bu forum Hökümetleri, halkara institutlary, işewürler toparlaryny, ylmy jemgyýetçiligi giňden çekmek bilen, ykdysadyýete degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ähmiýetli meýdança boldy. Ikinji Hazar ykdysady forumyny Russiýa Federasiýasynda geçirmek baradaky teklip goldanyldy.
Prezidentler energetika pudagynda Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Prezidentler Ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasynda 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda gol çekilen Ylalaşygyň güýje girmegini makulladylar.
Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak babatda kabul edilen borçnamalara ygrarlylyk tassyklanyldy.
Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda 2003-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran Konwensiýasynyň) taraplarynyň altynjy konferensiýasyny 2022-nji ýylyň ahyrynda Azerbaýjan Respublikasynda geçirmek baradaky teklip goldanyldy.
Prezidentler hemmetaraplaýyn özara bähbitli bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegiň, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň bar bolan çuň taryhy köklerini pugtalandyrmagyň kenarýaka ýurtlaryň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini, parahatçylyk hem-de howpsuzlyk işine hyzmat edýändigini kanagatlanmak bilen bellediler.
Prezidentler Hazar deňziniň parahatçylyk, ylalaşyk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk deňzi bolup durýandygyny nygtadylar.
Hazar deňzinde harby ulgam boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigi bellenildi.
Prezidentler Hazar deňzinde harby iş babatda ynanyşmak çäreleri hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmak boýunça gepleşikleri çaltlandyrmak barada aýtdylar. Bu Ylalaşyk Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň ýörelgelerine laýyklykda, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmäge, harby ulgamda Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlyk etmeginiň kadalaryny hem-de düzgünlerini kesgitlemäge hyzmat eder.
Hazar sammitleriniň yzygiderli häsiýeti Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmegiň we sebitleýin ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge, bellenen maksatlary amala aşyrmak üçin umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşyklaryny geçirmek tejribesini mundan beýläk hem goldamak meýli tassyklanyldy.
VI Hazar sammitiniň ýokary derejede guralandygy we myhmansöýerlik üçin, Türkmenistana minnetdarlyk bildirildi.
VII Hazar sammiti Eýran Yslam Respublikasynda, ylalaşylan möhletlerde geçiriler.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 29-njy iýuny.
Serdar Berdimuhamedow: Hazarýaka döwletleriniň işewürler geňeşini döretmegi teklip etdi