Los-Anjelesde kino baýragynyň 83-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Baýragyň esasy ýeňijisi Pol Tomas Andersonyň dört ugurda ýeňiş gazanan «Söweşden söweşe» filmi boldy: «Iň gowy film (komediýa ýa-da mýuzikl)», «Iň gowy režissýor», «Iň gowy ssenariý» we «Ikinji plandaky iň gowy aktrisa» (Tiana Teýlor).
«Altyn Globus» baýragynyň iň gowy dramatik filmi hökmünde «Gamnet» filmi ykrar edildi. Uilýam Şekspiriň we onuň aýaly Agnesiň durmuşyndaky pajygaly wakalar, netijede «Gamlet» pýesasynyň döredilmegine getiren bu waka barada gürrüň berýän film «Dramatik filmde iň gowy aktrisa» (Jessi Bakli) ugrundan hem sylaglandy.
“Altyn Globus” baýragynyň ýeňijileri – 2026
-
Iň gowy film (drama) – «Gamnet»
-
Iň gowy film (komediýa ýa-da mýuzikl) – «Söweşden söweşe»
-
Dramatik filmde iň gowy aktýor – Wagner Moura, «Gizlin agent»
-
Komediýa ýa-da mýuziklde iň gowy aktýor – Timoti Şalame, «Ajaýyp Marti»
-
Dramatik filmde iň gowy aktrisa – Jessi Bakli, «Gamnet»
-
Komediýa ýa-da mýuziklde iň gowy aktrisa – Rouz Birn, «Elimden gelse, seni depip goýbererdim»
-
Ikinji plandaky iň gowy aktýor – Stellan Skarsgard, «Duýguly gymmatlyk»
-
Ikinji plandaky iň gowy aktrisa – Tiana Teýlor, «Söweşden söweşe»
-
Iň gowy režissýor – Pol Tomas Anderson, «Söweşden söweşe»
-
Iň gowy ssenariý – «Söweşden söweşe»
-
Daşary ýurt filmi – «Gizlin agent»
-
Iň gowy animasion film – «K-pop: demon awçylary»
-
Iň gowy saundtrek – Lýudwig Gýoransson, «Günäkärler»
-
Kinematografik / kassa üstünlik – «Günäkärler»
-
Iň gowy aýdym – Golden, «K-pop: demon awçylary»
-
Iň gowy dramatik serial – «Pitt hassahanasy»
-
Dramatik serialda iň gowy aktýor – Noa Uaýli, «Pitt hassahanasy»
-
Dramatik serialda iň gowy aktrisa – Reý Sihorn, «Köplerden biri»
-
Iň gowy komediýa serialy – «Kinostudiýa»
-
Komediýa serialynda iň gowy aktýor – Set Rogen, «Kinostudiýa»
-
Komediýa serialynda iň gowy aktrisa – Jin Smart, «Hileler»
-
Iň gowy telefilm ýa-da mini-serial – «Geçiş döwri»
-
Telefilm ýa-da mini-serialda iň gowy aktýor – Stiwen Grem, «Geçiş döwri»
-
Telefilm ýa-da mini-serialda iň gowy aktrisa – Mişel Uilýams
-
Komediýa ýa-da dramatik serialda ikinji plandaky iň gowy aktýor – Ouen Kuper, «Geçiş döwri»
-
Komediýa ýa-da dramatik serialda ikinji plandaky iň gowy aktrisa – Erin Doherti, «Geçiş döwri»
