SPORT

«Altyn asyr» – «Rawşan»: duşuşyk deňlikde tamamlandy

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» stadionynda AFK-nyň kubogy 2023/24-iň ikinji tapgyrynyň çäginde geçirilen «Altyn Asyr» bilen Täjigistanyň «Rawşan» toparynyň duşuşygy tamamlandy.

Ilkinji pökgüni derwezä oýnuň 17-nji minutynda Täjigistanyň «Rawşan» toparynyň futbolçysy Emmanuel Mwanengo geçirmegi başardy.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda has erjel oýun görkezen türkmen topary oýnuň 52-nji minutynda hasaby deňledi. “Altyn asyr” toparynyň düzüminde Rahman Myratberdiýew tapawutlandy.

AFK-nyň kubogy 2023/24-iň ikinji tapgyrynyň çäginde geçirilen bu duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.

«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy «Aşgabat» stadionda geçiriljek «Altyn Asyr» – «Rawşan» halkara duşuşygyny göni ýaýlymda görkezdi. Şeýle hem bu duşuşygy Täjigistanyň «Varzish», «Futbol HD» teleýaýlymlary göni ýaýlymda tomaşaçylaryna ýetirdi. «Türkmenistan Sport», «Varzish», «Futbol HD» teleýaýlymlarynyň Türkmenistanda IPTV arkaly elýeterlidir.

 

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler