JEMGYÝET

“Altyn Asyr” Gündogar bazary açylýar

Şu günden başlap, ýurdumyzyň iň iri bazarlarynyň biri bolan “Altyn Asyr” Gündogar bazary öz işini täzeden ýola goýýar. Bu barada “Arzuw News” internet neşiri habar berýär.

Internet neşiriniň habaryna görä, halkyň arasynda “Jygyllyk” diýlip bilinýän “Altyn Asyr” Gündogar bazary 7-nji aprelden, ýagny şu günden öz işine başlaýar. Bu barada bazardaky dükanlaryň eýelerine bazaryň ýolbaşçylyk düzümi tarapyndan habardar edilendigi mälim edilýär.

Ilkinji orun: Türkmenistan baradaky saýtlaryň arasynda

Mälim bolşy ýaly, “Altyn Asyr” Gündogar bazarynyň işi 2020-nji ýylyň 13-nji iýulyndan sanitar, arassaçylyk hem-de we öňüni alyş çärelerini geçirmek üçin wagtlaýyn çäklendirilipdi.

“Altyn Asyr” Gündogar bazary Aşgabadyň demirgazyk böleginde “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýär. Ol 2011-nji gurlup, umumy meýdany 154 gektara deňdir. Ýurdumyzyň bu iri bazary diňe halkymyzyň arasynda däl, eýsem halkara syýahatçylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň arasynda hem meşhurdyr.

Türkmenistan boýunça agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri