SPORT

«Altyn Asyr» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky duşuşygyny 18-nji sentýabrda geçirer

Aşgabadyň «Altyn Asyr» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-däki ilkinji duşuşygyny 18-nji sentýabrda Yragyň «Eýr Fors» topary bilen geçirer. «Aragatnaşykçylar» bu topar bilen AFK-nyň kubogynyň 2018-nji ýyldaky finalynda hem duşuşypdylar.

AFK tarapyndan düzülen senenama laýyklykda, «Altyn Asyryň» janköýerleri toparyň täze ýaryşda Aşgabatda geçirjek ilkinji duşuşygyna 2-nji oktýabrda tomaşa edip bilerler. Şol gün Bahreýniň «Al-Haldiýa» topary türkmen paýtagtynda myhmançylykda bolar.

«Altyn Asyryň» yklym ýaryşyndaky duşuşyklarynyň doly senenamasy bilen tanyşdyrýarys:

18.09.2024ý., I tapgyr: 
«Eýr Fors» (Yrak) ― «Altyn Asyr» (Türkmenistan);
02.10.2024ý., II tapgyr: 
«Altyn Asyr» (Türkmenistan) ― «Al-Haldiýa» (Bahreýn);
23.10.2024ý., III tapgyr: 
«Al-Taawun» (Saud Arabystany) ― «Altyn Asyr» (Türkmenistan)
06.11.2024ý., IV tapgyr:
«Altyn Asyr» (Türkmenistan) ― «Al-Taawun» (Saud Arabystany);
27.11.2024ý., V tapgyr: 
«Altyn Asyr» (Türkmenistan) ― «Eýr Fors» (Yrak);
04.12.2024ý., VI tapgyr: 
«Al-Haldiýa» (Bahreýn) ― «Altyn Asyr» (Türkmenistan).

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän topary ýaryşyň «Günbatar» sebitinde ― «B» toparçada ýaryşýar. Toparçalaýyn tapgyryň netijesinde her toparçadan iki wekil ýaryşyň 1/8 finalyna çykmaga hukuk gazanar.

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady