JEMGYÝET

Alpaslan Jeýlan: ahalteke bedewleriniň gadymy taryhy bar

Paýtagtymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi geçirildi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň çözgüdine laýyklykda, onuň düzümine täze agzalar kabul edildi. “Manas” gyrgyz-türk uniwersitetiniň rektory doktor Alpaslan Jeýlan hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Atçylyk assosiasiýasynyň baş sekretary Ýue Gaofeng agzalyga kabul edildi.

Şunuň bilen baglylykda, assosiasiýanyň täze daşary ýurtly agzalarynyň sanly ulgam arkaly çykyşlary diňlenildi.

“Manas” gyrgyz-türk uniwersitetiniň rektory doktor Alpaslan Jeýlan (Türkiýe Respublikasy) öz çykyşynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilendigi baradaky hoş habary uly buýsanç bilen kabul edendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, assosiasiýanyň XIII mejlisine gatnaşmak mümkinçiligine örän şatdygyny belledi.

Alpaslan Jeýlan Türkiýäniň milli at üstündäki oýunlar federasiýasyna ýolbaşçylyk eden döwründe Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere ençeme gezek gatnaşandygyny aýtdy. Häzirki wagtda ol ýokarda ady agzalan uniwersitetiň rektory bolmak bilen, bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan dürli ýurtlardan gelen talyplar bilen bilelikde, türki halklaryň milli at üstündäki oýunlarynyň dünýä ylmynda we edebiýatynda mynasyp orun almagy üçin, bu oýunlara mahsus däpleri gorap saklamak we öwrenmek boýunça iş alyp barýar.

Ajaýyp ahalteke bedewleri hem gadymy taryhy bolan bu oýunlaryň bezegi bolupdyr. Şunuň bilen baglylykda, behişdi bedewleriň dünýä atşynaslygynyň kemala gelmeginde ägirt uly ornunyň bardygy we bu täsin hem-de özboluşly tohum atlarynyň ylmy taýdan çuňňur öwrenilmelidigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider