JEMGYÝET

Alparslan Baýraktar: Türkmenistan bilen magdan pudagynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýäris

Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar iki günlük iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Türkiýäniň energetika ministri Alparslan Baýraktaryň saparynyň çäklerindäki ilkinji duşuşygy “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen boldy.

Türkiýäniň energetika ministri Alparslan Baýraktar bilen “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýewiň arasyndaky duşuşykda hususan-da, magdan pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem gatnaşan duşuşygynda Türkiýäniň energetika ministri Alparslan Baýraktar Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň esasy maksadynyň tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekden ybaratdygyny belledi.

Türk ministri diňe bir tebigy gaz däl, eýsem Türkmenistan bilen magdan pudagynda hem hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.

Türk myhmany bu babatda iki ýurduň arasynda degişli şertnamalaýyn-hukuk binýadygynyň döredilmeginiň ähmiýetini belläp, degişli ylalaşyga gol çekmek üçin tagallalary berkitmäge taýýardygyny belledi.

Iki tarapyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döretmek üçin degişli äthnamanyň işlenip taýýarlanmagy babatda degişli işleri geçirmek boýunça ylalaşdylar.

Türkiýäniň energetika ministri Alparslan Baýraktar Türkiýäniň energetika pudagynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berip, buraw hyzmatlaryny hödürlämegä, şeýle hem degişli laboratoriýalary gurup, işlenip çykarylýan magdanlaryň hilini barlamak babatda hyzmatlaryny hem hödürlemäge taýýardygyny aýtdy.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçylary hem öz gezeginde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, korporasiýanyň alyp barýan işleri barada türk tarapyna maglumat berdiler.

Türkmen tarapy Türkiýäniň öňe süren teklipleri boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýýardyklaryny belläp geçdiler.

Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Türkmenistana sapary dowam edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa sapary: hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi

Hyzmatdaşlygyň täze formaty: “Merkezi Aziýa-Beýik Britaniýa” daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygy

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisi 22-nji maýda Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa sapary: hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekildi