Ol haçan jaň edip sowalym bar diýseň: «Soraň, bilenimi aýdaryn» diýýär. Onsoň halypa köplenç jaň edýän.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrow hakynda ýatlama ýazmak üçin 2020-nji ýylda öýlerine bardym. Söhbetdeşlikden soňra ýazyjynyň gyzy Gözel: «Kakam hakynda şahyr Allaýar Çüriýew bilen ýazyjy Şirinjemal Geldiýewa kän zatlar aýdyp biler. Olar bilenem hökman gürrüňdeş boluň!» diýdi.
Şo mahallar «Nesil» gazetinde işleýärdim. Kärdeşim Sähetmyrat Kakyşow bilen bir otagda oturýardyk. Ol her gün diýen ýaly Allaýar aga bilen jaňlaşýardy. Haýsydyr bir ýazjak bolýan zady hakynda onuň bilen pikir alşyp maslahatlaşýardy. Jaňlaşyp bolansoňam: «Aý, Allaýar aga boljak ýokdur. Halypanyň adamkärçiliginiň özi her zada degýär» diýip, başyny atyp öz sözüni özi makullap oturýardy.
Men bolsa Allaýar agany aýdymçy şahyr hökmünde gaýybana tanaýardym. Onuň teleradioýaýlymlardaky çykyşlaryny diňleýärdim. Onsoň Sähetmyratdan onuň telefon belgisini alyp jaň etdim. Halypa şahyr päli pes kiçigöwünli eken. Ol: «Çary aga hakynda ýazylan taýýar makalam bar. Göwnüňe ýarasa gerek ýerini ulanaýarsyň» diýdi. Iki gündenem makalasynyň elektron ýazgysyny iberipdir.
«Çary Aşyrow edebiýatyň hemme žanrynda işlän halypa. Ol terjime sungatyna uly goşant goşan şahyr, ýazyjydyr. Geçen asyryň 50-60-njy ýyllarynda Çary Aşyrow Türkmen döwlet neşirýatynyň baş redaktory hökmünde rus we beýleki halklaryň nusgawy edebiýatyny terjime edip, halka ýetirmekde uly işleri bitirdi. Şol terjime eserleri öz döwründe-de, häzirki günlerde-de milli edebiýatymyzyň edil türkmen dilindäki eserleri ýaly bolup halkymyzyň edebi baýlygyna öwrüldi. Onuň poeziýadan eden terjimeleri ýüz müň setirden geçýär. Çary Aşyrowy türkmen edebiýatynyň terjimeçilik mekdebiniň halypasy hasaplaýan. Ol türkmen terjimeçilik mekdebini açmakda, guramakda uly halypa, ussat guramaçy. Çary aga dünýä edebiýatyny gowy bilýärdi. Şonuň üçin onuň gatnaşmagyndaky terjimeler juda ýerine düşüpdir. Ine, aýdaly Nekrasowyň rus halkynyň durmuşyny beýan edýän «Russiýada kim şat ýaşaýar?» diýen eseri rus halkynyň gowy görýän eseri ýa-da Taras Şewçenkonyň aradan çykanda Dnepriň kenarynda jaýlanylmagyny wesýet eden goşgusy bar. Goşgynyň ady «Wesýetler». Ol dünýä okyjylarynyň arasynda belli. Şony Çary Aşyr türkmen dilinde okanda diňleýjilerde uly täsir galdyrardy. Şeýdip Çary Aşyrow terjimeçilik sungatynyň uly wekili boldy, onuň özüni hem uly şahyr hökmünde orta çykardy. Ol rus nusgawy edebiýatyndan iň köp terjime eden şahyr, özem goşgularynyň köpüsini ýatdan bilýärdi.
Çary aga myhmansöýer adamdy. Ýanyna salama baranymda, ýitirip tapan ýaly garşylaýardy. Törden orun berýärdi. Geçen günlerini ýatlardy, geljekden söz açardy. Her gezegem maňa halypa maslahatlaryny berýärdi. «Ganly saka», «Lalyň ogly», «Gökýaýlanyň ýigitleri» ýaly okyjylaryň söýgüsini gazanan poemalarynyň, on bir sany romanyň awtory Çary Aşyrowda aýdara zat köpdi.
Çary aga örän ýatkeşdi. Ol 30-njy ýyllaryň ortalarynda instituty tamamlap, Moskwada aspiranturada okan ilkinji türkmenleriň biridi. Özüniň aspirantura synag tabşyryşy babatda şeýleräk gürrüň beripdi.
— Şol ýyllarda Moskwada aspirantura girmek aňsat däldi. Şol ýeriň alym kätibi maňa: «Şu wagt başararyn öýtseň, synag aldyrjak!» diýdi. Menem: «Bolýar» diýdim. Taryhdan hemem pedagogikadan professorlary çagyrdy. Ondan öňünçä men taryhdan Batinskiniň, pedagogikadan hem Şemsarýowyň ýazan kitaplaryny alyp, şolardan taýýarlyk görüpdim. Ilki biri taryhdan sorag berip başlady. Soraga jogap berýän welin gapdalynda oturan alym-kätip ýyrşarýardy. Nämä ýyrşarýanyny bilemok. Ondan soň pedagogikanyň taryhyndan başga bir adam synag alyp başlady. Men hem oňa Şemsarýowyň kitabyndan jogap berýän. Alym-kätip has beter ýylgyrýardy. Soň olar maňa «oňat» baha goýdular-da gitdiler. Alym-kätip: «Sen gaty mekir, olaryň soraglaryna öz kitaplaryndan jogap berdiň» diýdi. Men: «Batinskinem, Şemsarýowam tanamok. Moskwa birinji gelşim» diýdim. Görüp otursam, menden synag alan professorlar taýýarlyk gören kitaplarymyň awtorlary bolsa nätjek!
Çary Aşyrow Beýik Watançylyk urşuna meýletin gidýär. Agasy Şaly Kekilow bilen bir günde harby wekillige baryp, özlerini Watan goragyna ugratmaklaryny haýyş edýär. Şaly Kekilow söweş meýdanynda mertlerçe wepat bolýar. Çary Aşyrowa jeň meýdanyndan ýeňiş bilen dolanmak miýesser edýär. Gazaply söweşleriň birinde agyr ýaralanan Çary Aşyrowy şepagat uýasy, ermeni gyzy Nina halas edýär. Onuň «Ermeni gyzy» atly goşgusy şonda döreýär. Çary Aşyrow özüni halas eden ermeni gyzy Nina Sagumýan bilen geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň ahyrlarynda Ýerewan şäherinde duşuşýar. 1989-njy ýylda Çary aga, ýanýoldaşy Ogulnabat gelneje, režissýor Çerkez Şamyradow dagy bilen Moskwa gitdik. Ninanyň ejesiniň aýal doganynyň Moskwadadygyny eşidip, görme-görşe bardyk. Şol wagtam Ninanyň ejesi Zinaida Prokofýewna, Ninanyň aýal dogany Margarita Artýomowna Aşgabatdan baran myhmanlary gadyrly garşylady. Bu duşuşygy tolgunman synlamak mümkin däldi. Duşuşyk berk ýadymda galypdy. Margarita şonda öz dogany hakynda şeýle diýdi: — Nina 1942-nji ýylda jorasy bilen meýletin urşa gitdi. Siz soň Ýerewanda, ýazyjylaryň gurultaýyna geleniňizde bir ýakyn garyndaşymyz Türkmenistandan gelen bir ýazyjynyň Ninany gözleýändigini habar berdi. Nina şonda uruş wakasyny bada-bat ýadyna saldy. Soň ony siziň ýanyňyza alyp gaýtdylar. Nina gaty mähriban zenandy, özem lukman bolansoň, hemmelere kömek berýärdi. Ol 1961-nji ýylda bary-ýogy 39 ýaşynda aradan çykdy…
Çary Aşyrowyň döredijiliginiň ýene bir tarapy halallyk. «Halallyk» sözi onuň bütin ömrüniň we döredijiliginiň içinden uly bir akaba ýaly bolup geçýär. Şol halallyk bu mähriban adamyň öz durmuş gatnaşyklaryna ikilik etmänliginden gelip çykýar. Halkyň içinde Çary aga hakynda ýakymly ýatlamalar köp. Onuň eserleri ýadymyzda, goşgy setirleri kalbymyzyň töründe. Çary aga bilen gözel Sumbar jülgesine aýlananymyz, göwnüme düýn ýaly bolup dur. Ondan bäri kän wagt geçipdir. Indi näçe ýyldyr Çary agasyz ýaşap ýörüs. Ol 2003-nji ýylyň 4-nji fewralynda dünýeden ötdi. Ony öz wesýet edişi ýaly ejesiniň ýanynda, Gökdepäniň Ýaňgala obasynda jaýladylar. Togsan üç ýaşy arka atyp, öz käbäň ýanynda baky uka gitmek her kim-her kime miýesser etmeýär».
Makalany diýseň haladym. Gurak sözlemler däl-de, anyk maglumatly ýürege täsir edýän ýatlamalar duýgy bilen beýan edilipdir. Öz ýanymdan: «Bolasy halypalar bilmeýänimi sorasam bilenini gürrüň berýärler-de: «Allaýar Çürüdenem sorap gör. Köp bilýändir» diýýärler-le. Halypalar ýönelige diýmeýän ekenler» diýdim.
Iki-üç ýyllykda ýazyjy Rahym Esenow hakynda makala ýazanymda-da Allaýar aga jaň edip, ol barada bilýänlerini gürrüň bermegini haýyş etdim. Ol:
— Bir gezek «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasyna täze ýazan goşgularymy eltmek üçin baranymda redaksiýada Rahym Esen otyr eken. Ol saglyk-amanlyk soraşdy-da: «Sen meniň garyndaşym hakda makala ýazypsyň, köp sag bol!» diýdi. O nähili garyndaşyňyz hakynda ýazypdyryn? — diýip oňa sowal bilen ýüzlendim. «Aýtakow hakynda» diýdi. Bu hakynda «Ýüregiň emri bilen» atly kitabym bar. 1995-1996-njy ýyllarda Rahym aga meni gözläpdir. Şo wagtlar «Oktýabr ýalkymy» gazetinde Aýtakow hakynda ýazan kitabymdan bölekleýin çap edilipdi. Makalam «Turkmenskaýa iskra» gazetinde-de rus dilinde çap bolupdy. Rahym aganyň özi rusça ýazansoň: «Maňa şol makalanyň rusçasy gerek» diýdi. Onuň ýaly zehinli ýazyjynyň döredijiligim hakynda gowy baha bermegi begendirdi. Şonda men onuň Nedirbaý Aýtakow bilen garyndaşdygyny özünden eşitdim. Onuň Garabogaz köli hakynda käbir meseleler dogrusynda ýazan «Çüýremek» atly eseri bar, belli «Baýram han» atly romanyň awtory. Umuman, Rahym Esenowyň edebiýat meýdanynda bitiren işleri az däl — diýip gürrüň berdi. Soňra-da, «Ýalňyşmasam 1974-nji ýyldady, Türkmenistanyň halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisinde baýramçylyk dabarasy geçirilýärdi. Şol mahallar Rahym aga Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygydy. Dabara Moskwadan delegasiýa bilen gelen bir topar ýazyjylaram gatnaşýardy. Birden ýazyjylaryň biri Rahym aganyň gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Şonda Rahym aga dabara gutarmanka şol ýerden çykyp gitdi. Soň görüp otursak şol wagt ýazyjynyň oglunyň ýogaldy habary gelen eken. Rahym aga bilen bagly şeýleräk ýatlamalar ýadymda galypdyr. Ýaşymyz ulalansoň köp zatlar ýadymyza-da düşenok, ýöne ol barada eger saglyk ýagdaýy gowy bolsa, inisi Emil Magtymowiç Rahymow kän zatlar aýdyp biler. Öz-ä ýaşuly adamdyr» diýip salgy berdi.
Gürrüňdeşlikden soň Allaýar aganyň döredijiligi hakynda oýlandym. «Öz-ä köp zat bilýär. Halypa şahyr nirelerde işledikä? Okuwçy döwrümizde goşgularyna döredilen aýdymlary aýdym sapakda aýdýardyk» diýip, onuň terjimehaly bilen gyzyklandym. Ol 1949-njy ýylyň 15-nji iýulynda Balkan welaýatynyň häzirki Magtymguly etrabynyň Könekesir obasynda doglan. Ilki şol obadaky 5-nji orta mekdepde bilim alýar. Orta mekdebi tamamlap 1966-1971-nji ýyllarda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetinde okaýar. Uniwersiteti gutaryp «Ýaş kommunist» gazetinde edebi işgär bolup işe başlaýar. 1973-1975-nji ýyllarda Moskwada, Ýokary komsomol mekdebinde žurnalistika ugrundan tälim alýar. 1975-1978-nji nji ýyllarda «Mydam taýýar» gazetinde jogapkär kätip, 1978-1982-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary, 1982-1986-njy ýyllar aralygynda Türkmen telewideniýesinde redaktor, bölüm müdiri, baş redaktor, 1986-1990-njy ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetinde jogapkär kätip, 1990-1991-nji ýyllarda Türkmen radiosynda baş redaktor, 1991-1994-nji ýyllarda «Syýasy söhbetdeş» žurnalynda we gazetinde baş redaktoryň orunbasary, 1997-2000-nji ýyllarda «Galkynyş» gazetinde bölüm müdiri, 2003-2006-njy ýyllarda Türkmenistanyň Weteranlar guramasynda jogapkär guramaçy, jogapkär sekretar wezipelerinde işleýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Görşümiz ýaly Allaýar aga dürli ugurdan zähmet hem durmuş tejribesi ýetik halypa. Arhiw ýazgylaryny öwrenýärkäm onuň 1968-nji ýylyň 30-njy maýynda «Sumbar lälesi» ady bilen ýazan goşgusynyň elýazmasyna gabat geldim. Şol goşgyny ussat kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarow diýseň halap oňa saz döredýär, ýöne ol şeýle ajaýyp aýdymyň adyny «Gel obamyň lälesi» diýip üýtgetmegi şahyra maslahat salýar. Şeýlelik bilen ol aýdym diňe bir Sumbar lälesiniň waspy bolman, her obanyň öz lälesiniň waspy bolup ýaňlanýar. Bu aýdym meşhur aýdymçy Myrat Sadykowyň ýerine ýetirmeginde şol ýyl ilkinji gezek Bolgariýanyň paýtagty Sofiýada geçirilen Ýaşlaryň we talyplaryň Bütindünýä festiwalynda ýaňlanýar we festiwalyň diplomyna mynasyp bolýar. Häzirki günlerde-de teleradioýaýlymlarda ýaňlanyp duran bu aýdymyň döredilenine altmyş ýyl bolup barýar. Allaýar aganyň goşgularyna döredilen aýdymlaryň bolsa uzak ýyllar bäri aýdylyp ýörenleri sanardan kän. Onuň goşgularyna meşhur kompozitorlar iki ýüz elliden gowrak aýdym döretdiler. «Läläm gideliň bäri», «Deňiz guşum», «Türkmen gyzlary», «Watan», «Sen aýdymyň aşygy», «Dagly gyz», «Watan çagyrýar», «Sensiz», «Gyz ýüregi»…
Şahyryň «Deňiz guşum» atly goşgusyna döredilen aýdymdan täsirlenip meşhur heýkeltaraş Saragt Babaýew aýdym bilen adybir heýkel eserini döretdi. Şygyrlarynyň saza ýakynlygy üçin ussat kompozitorlar Weli Muhadow, Aşyr Kulyýew, Nury Muhadow, Rejep Gutlyýew, Durdy Nuryýew, Baýram Hudaýnazarow, Gurbandurdy Çaryýew, Akmyrat Çaryýew, Ata Esadow, Rejep Rejebow we başga-da kän kompozitorlar ýüzlerçe aýdym, birnäçe kantata döretdi. Şygryýetde özboluşly üstünliklere eýe bolan şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy 1982-nji ýylda «Çynar» ady bilen neşir edildi. Soňra onuň «Alty aýdym», «Bereket», «Zeminiň owazy», «Seniň söýdük gara gözleň», «Galkynan göwün» ýaly goşgular kitaby okyjylara ýetirildi. Allaýar Çüriýewiň belli kompozitor Ata Esadow bilen bilelikde 1991-nji ýylda okyjylara sowgat eden «Parahatlyk ýalkymy» atly aýdymlar kitabyny häzire bu güne çenli Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary, sazçylyk mekdepleriniň okuwçylary okuw kitaby hökmünde ulanýarlar. Onuň saz sungatyny öwrenji W. Larinow bilen bilelikde türkmen kompozitorlary hakda aýry-aýrylykda gürrüň berýän oçerkler ýygyndysy hem 1990-njy ýylda neşir edildi.
Bir gezek onuň «Otuz ýediň gara gijelerinde» diýen goşgusyny okadym.
«Ömür obasyndan çykyp görmedik
Galdy babam kyrk ýaşynda Sibirde.
«Iňlise gol ýapdy» diýilen atam
Ömrüni ötürdi agyr jebirde.
Irden gülen gözler neçün aglap dur,
Bagry girýan ene ýürek daglap dur,
Çynar ýigitleriň başy eglipdir,
Otuz ýediň gara gijelerinde».
Bu goşgy diýseň täsir etdi. Onsoň halypa ýazyjy Täçmämmet Jürdekow bilen jaňlaşamda bu barada söz açyp: — Täçmämmet aga, çaga wagtlarymyz garrylarymyz öz aralarynda: «Pylanyň şol otuz ýediň tutha-tutlugynda gidişi-gidişi boldy. Pylanynyň çöregi bitin eken, ol-a bolsa-da soň yzyna dolanyp geläýdi» diýen ýaly gürrüň ederdiler. Soň mekdep okuwçysy döwrümizde edebiýat sapagynda meşhur ýazyjy-şahyrlarymyzyň ömür-döredijiligini öwrenemizde olaryň käbirleriniň şeýle agyr ykballara duş gelendigi barada gysgajyk ýazgylara gabat gelýärdik. Şonda bu babatda giňişleýin bilesim gelýärdi. Allaýar aganyň goşgusyny okap çagalykdaky bilesigelijilik duýgym gaýtadan oýandy — diýdim. Jaýy jennet bolsun, halypaň! Ol:
— Allaýar Çüriýew publisistika žanrynda-da dokumental eserleriň giden bir tapgyryny ýazdy. Bu ugurdan onuň çuňňur mazmunly, saldamly kitaplary bar. 1986-njy ýylda «Ýürek ýatlamasy», 1989-njy ýylda «Ýüregiň emri bilen», 1991-nji ýylda «Ömür kyssasy», 1993-nji ýylda «Bir soragyň ýigrimi ýyllyk sütemi» atly kitaplary neşir edildi. Onuň ötüp geçen görnükli şahsyýetlerimiz dogrusyndaky garaýyşlary, özüne örkleýän taryhy-publisistik oçerkleri aýratyn baha mynasyp boldy. Awtor ýokary ahlaklylyk hem ynsanperwerlik bilen hadysalar barasyndaky pikirlerini çuňňur teswirleýär. Bu kitaplarda ýerleşdirilen taryhy-publisistik oçerkleriň arasynda çarkandakly ömür ýollaryny geçen täsin ykbally adamlaryň – edebiýat we sungat wekilleri Berdi Kerbabaýewiň, Hydyr Derýaýewiň, Oraz Täçnazarowyň, Hojanepes Çaryýewiň, Şaly Kekilowyň, Georgiý Weselkowyň, Anna Muhadowyň, ilkinji türkmen magaryfçysy we publisisti Muhammetguly Atabaýewiň, ilkinji türkmen dramaturgy Aýtjan Haldurdyýewiň we beýlekileriň ömür ýazgylary bar. Eserler okyjylarda uly gyzyklanma döretdi hem olar tarapyndan gowy garşylandy. Sebäbi Allaýar Çüriýewiň eserleriniň ählisi diýen ýaly taryhy hakykatyň täzeden dikeldilen çeper ýazgylary bolup, okyjylaryň öňünde geçmişiň uçursyz çylşyrymly, jogapkärçilikli, öwrenilmesi derwaýys bolan ummasyz uly zähmetleri talap edýän sahypalaryny açyp goýýar. Bu işler şonuň üçin hem iňňän gymmatly hem gadyrlydyr. Bir söz bilen aýdylanda, onuň publisistikalarynda Adam ykbaly esasy mesele! Şol beýik ykballar bolsa özi dogrusynda uly göwrümli eserler ýazylmaga laýyk.
Ol makalalarynyň köpüsini metbugat sahypasynda çap etdiripdir, radio we telewideniýe gepleşiklerinde çykyş edipdir. Görnükli adamlar barada örän oňat dokumental publisistik makalalar, kitaplar ýazyp, halk arsynda uly abraýa, sag bolsuna eýe bolýar. Taryhy-publisistik makalalarynyň toplumy üçin 1988-nji ýylda Allaýar Çüriýew SSSR-iň Žurnalistler soýuzunyň hormatly diplomy bilen sylaglandy. Şeýle-de ol 1989-njy ýylda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi boldy — diýip gürrüň berdi. Şondan soň gazet-žurnallaryň sahypalaryndan Allaýar aganyň ýazan makalalaryny yzarlap başladym. Onuň makalalarynyň sözbaşysy bada-bat özüne çekýär. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1989-njy ýylyň 8-nji dekabr sanynda «Ruhy ezýet ýa-da terjimeçi Anna Muhadowyň ömründen bir sahypa» atly makalasyna gabat geldim. Goçmyrat ahun hakynda ýazan makalasy bar eken. Gepiň gysgasy makalalaryny okadygymça Allaýar aganyň döredijiligi hakynda içgin gyzyklanmam artdy.
Saralyp giden arhiw ýazgylardan ençeme adamlaryň ykbalyny öwrenip, çeper, dogruçyl, taryhy nukdaýnazardan yzarlap, anyk maglumatlary okyjylara ýetirmek her kime başartjak iş däl. Onuň eserlerine «Ömür kyssasy» diýmeginiň özi olarda yzarlanýan adam ykballarynyň ýönekeý ykballar däldigini aňladýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tarapyndan şahyryň doglan gününiň 65 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan bibliografiýa görkezijide: «…Allaýar Çüriýew şu tema taryhy-publisistik nazardan özboluşly çemeleşmegi başarýar. «Ömür kyssasy» atly kitap tutuşlygyna diýen ýaly repressiýa ýyllarynda ykballary ters gelen, nähak sözüň pidasy bolan ençeme adamlaryň başyna düşen agyr ýagdaýlar barada gürrüň berýär. Keç ykbally, ömrüni halkyna, adamlara bagyş eden ynsanlar barada gürrüň edilýär. Allaýar Çüriýew kitaba giren oçerkleri ýazmak üçin repressiýa sezewar edilenleriň dogan-garyndaşlary, gahrymanlarynyň hut özleri, dürli ugurlarda işleýän raýatlar bilen ýakyndan gürrüňdeş bolupdyr. Ol birgiden taryhy maglumatlary oçerkler arkaly okyjylara ýetiripdir. Bu kitaby okan wagtyň endamyňy gorky gaplap alýar, adamlaryň gör nähili kynçylykly döwri başdan geçirendiklerine göz ýetirýärsiň hem-de gaýybana duýgudaşlyk bildirýärsiň. Elbetde, şeýle agyr wakalary beýan etmek awtorada ýeňil düşen däldir, gör ol nähili kyn işi öz üstüne alypdyr. Bir wagtky pajygaly ýyllarda bolup geçen wakalary ençe kitap agtaryp, saralyp giden arhiw resminamalaryny dörüp çykmak üçin näçe erk, näçe-de güýç sarp bolupdyr. Wakalary bolşy ýaly keşpli beýan etmek üçin akyl, paýhas mahsus bolan zehin bilen birlikde, raýatlyk borç, batyrgaýlyk gerek bolandyr. Bularyň ählisiniň Allaýar Çüriýewde bolanlygyna ady agzalan kitaby okanyňda göz ýetirýärsiň. Kitapda mertebesi peseldilen, kemsitmelere sezewar edilen ynsan ýeke-iki däl-de, olar ýüzlerçe. Eger-de şol adamlar zyndanlara dykylman, ene topragyndan, obasyndan, maşgalasyndan yrak düşürilmän ýaşap, işläp ýörenliginde, mähriban diýarymyzyň durmuşyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşardylar» diýlip beýan edilýär. Bu hakykatdanam şeýle. Ine, şular dogrusynda oýlananyňda dürli pikirler seriňe gelýär. Allaýar aganyň örän jogapkärli hem juda sogaply işlere dahylly bolup bitiren bu möhüm işlerine diňe berekella aýdýarsyň. Şu ýerde onuň eserlerinden birini mysal getiresim geldi:
«On dokuz ýaşly oba gyzy Orazgül Aşyraly gyzynyň ykbaly ýürekleri awundyrýar. Gije at aýagynyň dürküldisine allaniçgsi bolup oýanan gelni, nämäniň nämedigine düşünmänkä, süzenekledip araba mündürýärler. Şonda ol hoşlaşmaga ýetişmedik ejesinden, dogan-garyndaşlaryndan, täzelikde ýogalan ilkinji çagasynyň mazaryndan daşlaşyp barýandygyny duýup, bozlap-bozlap aglapdyr. Emma oňa hiç kim rehim etmändir. Elinden dür dökülýän gelne Aşgabat türmesinde tara dokadýarlar. Ýöne bu ýerde-de oňa uzak oturmak miýesser etmeýär. Aşgabat türmesinden ony Sibire sürgün edýärler. Öz obasyndan başga hiç ýeri göz öňüne getirip bilmeýän gelni ýedi gije-gündiz gämi bilen Norilskä getirýärler. Ol hat-da orusça suw bilen çöregiň nähili aýdylýandygyny bilenokdy. Norilskide Orazgüle bir aýal hossar çykýar. Üm bilen düşünişmeleriň soňy sözlere, sözlemlere utgaşyp gidipdir. Az-kem rus dilini öwrenip başlapdyr. Norilskä baranlarynda egnindäki türkmen köýnegi ýyrtylyp ugraýar. Rus eşigini geýmäge-de utanýar. Şondan soň, ol özüne geýim-gejim ibermeklerini haýyş edip, yzyna hat ýazýar. Emma hiç hili jogap bolmaýar. Tikin-çatyndan başga iş görmedik türkmen gyzyna lagerdäki iň agyr işleri buýrupdyrlar. Derýa bilen akyp gelýän agyr-agyr pürsleri suwuň gyrasyna çykarýar. Bir gezegem akyp gelýän bir agyr pürsi çekip aljak bolanda, derýa ýykylýar. Ol keselhanada özüne gelýär. Öýkenine sowuk degip ep-esli wagt keselhanada ýatypdyr. « — Biz şo ýerde günäsiz ýerden ejir çekýändigimiz hakynda kyrkynjy ýyllaryň ahyrlarynda Moskwa hat ýazdyk. Ep-esli wagt geçensoň şol hatymyza «It itligine-de galýandyr» diýip, jogap geldi». Şeýdibem olaryň umytlary üzüldi. Oturmaly on ýyl möhleti gutaransoňam, yzyna goýberilmändir. Soňra ol şol ýerde durmuşa çykypdyr.
Ellinji ýylyň ortalarynda 37-nji ýylda günäsiz basylan adamlaryň aklanýandygy hakynda hoş habarlar eşidilip ugrapdyr. Orazgülem şondan soň özüniň başdan geçirenlerini Moskwa hat ýazypdyr. Aradan köp wagt geçmänkä hatynyň jogaby gelipdir. Şonda oňa on ýylyny nähak oturandygyny, her ýylynada iki ýyl zähmet ýoly (staž) berilýändigini, Sowet Soýuzynyň islän ýerinde ýaşamaga hakynyň bardygyny ýazypdyrlar. Ýigrimi iki ýyllap aýralyk çekensoň Orazgül daýza begenjinden hem aglap, hem gülüpdir. Bu başdan geçirmeleri Orazgül daýza Allaýar Çüriýewe özü gürrüň beripdir. Keç ykbally gelin bu gürrüňlerden iki ýyl soň Aşgabatda aradan çykypdyr».
Ynha, şeýle agyr günleri başdan geçiren ynsan ömrüniň kyssalary taryhyň hiç wagt ýatdan çykmajak sahypalary. Her döwrüň öz taryhy söhbedi bar. Haýran galýan. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Bäş ýylda bir kitap eden işimiz…» diýen setiri biygtyýar hakydaňa gelýär. Herki zadyň döwri, döwrany gelmeli. Halkymyzyň geçmişine ser salýaň welin, şeýle agyr ykbaly başdan geçirendigine göz ýetirýäň. Gynanýaň. Geçdigi bolsun. Kynçylykly döwri ýatlamak agyr, ýöne geçmiş taryhyňy bilmek hökman. Onda-da bigünä töhmet pidasy bolanlaryň soňra aklanyp subut edilendigini geljekki nesiller bilse gowy. Sebäbi Türkmençilikde kimdir biri dünýeden ötse, merhumyň bakyýetde rahat ýatmagy üçin onuň dirilikde bilip ýa-da bilmezlikden eden günäleri bagyşlanyp, soňky ýoluna «gowy adamdy» diýlip päkläp ugradylýar. Allaýar aganyň keç ykbally ynsanlaryň ömri hakynda ýazan eserleri olaryň bakyýet rahatlygy üçin ýazylan ýaly eserler hasaplaýan. Ol eserler taryhyň könelmejek sahypalarynyň söhbedi. Keç ykballara howandarlyk etmek gaty çylşyrymly hem köptaraply iş. Allaýar aganyň ine, şu ugurdan bitiren hyzmatlary türkmençiligiň aňrybaş sogaply işleriniň biri.
Köptaraply zehinli şahyr Allaýar Çüriýew poeziýanyň çeper terjimesi bilenem iş salşyp uly işler bitirdi. Ol belli rus şahyrlary Sergeý Ýeseniniň, Agniýa Bartonyň, Nikolaý Tihonowyň, Wladimir Lugowskoýyň eserlerini, şeýle hem birnäçe tele filmleri, kino filmleri türkmen diline terjime edip halkymyza ýetirdi. Onuň özüniňem birnäçe goşgulary daşary ýurt dillerine terjime edildi. Rus, ukrain, belarus, azerbaýjan, türk, özbek, gazak dillerine geçirilip gazet žurnallarda çap edildi.
Şahyryň döwrüň sesine ses goşup bilýän ýürek owazy söýgüden, mähirden ylham joşgunyndan püre-pür. Ol Garaşsyzlygymyzy, erkin Watanymyzy wasp edip, ençeme aýdymlardyr goşgulary döredýär. Şahyr soňky ýyllarda öz rubagy-goşgulary bilen metbugat sahypalarynda ýygy-ýygydan çykyş edýär. Allaýar aganyň halkymyzyň öňünde bitirýän uly hyzmatlary göz öňünde tutulyp ol 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň 2001-nji, 2024-nji ýyllarda ýeňijisi boldy.
Ýakynda şahyr bilen häzirki iş ýerinde söhbetdeş bolduk. Ol Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda Edebiýat nazarýeti we edebi gatnaşyklar bölüminde uly ylmy işgär wezipesinde işleýär. Maşgala ýagdaýy bilen tanyşdyk. Allaýar aganyň iki ogly, bir gyzy bar eken. Aýaly 1999-njy ýylda ardan çykypdyr. Perzentleriniň her haýsy öz saýlan hünärlerinde zähmet çekýärler. Şahyryň iş otagyna baranymda anyk senesi ýadymda däl, bir ýerde okapdym. Onuň kärdeşi alym Çary Kulyýewiň: «Allaýar Çüriýew edebiýatyň iki tarapynda galam ýöredýän adam. Ylym bilen çeper edebiýaty bir ugurda alyp barýar. Sada göwünli, okumyş, degişgen, göwni açyk adam. Biz köp zatlary kitaphana baryp dörüp oturman, Allaýar agany «dörýäris». Ol bolsa biziň özünden sorap öwrenýän zatlarymyza begenýär. Niýeti adama kömek etmek. Baran ýeri ala-ýaz. Töweregiň sylagy adamyň nähilidigini aýdyp duran zat. Bular institutyň pikiri diýip arkaýyn aýdyp biljek. Ol häzir bölümimizde Garagum žurnalynyň 80 ýyllyk ýubiliýine görkeziji taýýarlaýar. Başga-da «Edebi täsirlenme we edebi gatnaşyklar» diýen iş ýazýar» diýip aýdan gürrüňi ýadyma düşdi. Allaýar aganyň uly ylmy işgär hökmünde alyp barýan işleri gyzyklandyrdy. Onsoň ol Ilki bilen «Türkmen edebiýatyny öwrenijiler» atly iki kitabynyň hemem «Hakyda» atly kitaplarynyň elektron ýazgysyny göçürip berdi. Soňra-da kän zatlar gürrüň berdi. Şahyr öz şahsy kitaphanasyndan 2000-den gowrak kitapdyr gazet, žurnallary milli kitaphana geçirendigi hakynda gürrüň berdi. Bu barada «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1999-njy ýylyň 11-nji iýun sanynda-da ýazylan.
«Ýüregiň emri bilen» atly taryhy-hronologik wakalar esasynda ýazylan kitabynda türkmen topragynda täze durmuşy guranlar: Halmyrat Sähetmyradow, Çary Wellekow, Gurban Sähedow, Hajy we Öwez Atabaýewler, Bäşim Gulbeşerow, Bäşim Pereňliýew, Ýakow Popok… ýaly gerçekleriň, taryhy şahslaryň alyp baran asylly işleri hakda, olaryň şahsyýet kultunyň pidasy boluşlary hakda, anyk maglumatlar bilen gürrüň berdi. Ol şahsyýetler hakynda indi düýpli öwrenmesek üýtgeşik bilýän zadymyz ýok. Her haýsy bir romana degýän uly ykbally adamlar hakda şeýle täsirli gürrüňleri toplaýşy gaty gyzykly. Alym ýazyjy gürrüň berýärkä-de taryhy çeşmeleriň, sprawkalaryň, jezanamalaryň, dilsiz-agyzsyz ýatan dokumentleriň arasynda oturan ýalydy…
Şeýle ýowuz dokumentleri tapmak, olary okyja ýetirmek üçin uzak ýyllap kitaphanada basa oturup işläpdir. Ýigriminji-otuzynjy ýyllaryň gazetlerini, onlarça ýyllap ýatan arhiw materiallarynyň gatlaryny açyp okapdyr.
Okuwçy wagtymyz Beýik Watançylyk urşunyň gahrymany Aýdogdy Tahyrowyň ykbaly hakynda azda-kände öwredipdiler. Emma şahyryň eserinde onuň ykbalyny yzarlaýan «Esgeriň hatlary» bölümi juda täsin maglumatlardan doly. Kitabyň bu bölüminde gahryman Aýdogdy Tahyrowyň aýaly Aýsoltan ejäniň gürrüňleri, uruş ýyllarynda ýazyşan hatlary girizilipdir. Olaryň bir ogly, iki gyzlary bolupdyr. Aýdogdy Tahyrowyň harby tälim geçip ýören döwürlerinde ýazan hatlaryny Aýsoltan eje öz kiçijik sandygynda saklapdyr. Hatlar latynça ýazylanlygy sebäpli Allaýar Çüriýew dil we edebiýat institutynyň alymlaryna ýüz tutupdyr. Şu dokumentleriň hiç biri hem Aýdogdy Tahyrow hakda ýazylan romana girizilmändir. Içi durşy bilen heläkçilige sezewar edilen päk ynsanlaryň ykbaly hakda ýazylan bu kitabyň diliniň örän ýeňil ýazylanlygy hemem ýürek goýup ýazylmagy ýazyjynyň zehin ussatlygyny görkezýär. Ynha, şeýle ajaýyp eserleri döretmekde alyp baran işleri hakynda şahyr-da gürrüň juda kän. Ýaşuly ýazyjynyň her bir gahrymanynyň ykbaly hakynda aýdýan gürrüňleriniň özi aýry-aýry kitap ýazybermeli tema. Ýöne ony ýazmak üçin ukyp-başarnyk, irginsiz zähmet esasanam jan saglyk gerek. Şonuň üçin taryhy şahsyýetlerimizi mertebeläp adyny taryhyň sahypalaryna ýazan hormatly ýazyjymyz Allaýar Çüriýewe jan saglyk hemem ýeneki ýyllarda-da döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.
Akgül Saparowa.