DÜNÝÄ

Aliýew we Ärdogan howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk gününde Laçin etrabynda gurlan halkara howa menziliniň açylyş dabarays geçirildi. Oňa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan gatnaşdylar.

Prezidentler howa menziliniň açylandygyny alamatlandyrýan toý bagyny kesdiler. Olara Laçyn halkara howa menziliniň nyşanly açarları gowşuryldy. Döwlet Baştutanlary täze howa menzilinde döredilen şertler bilen tanyşdylar.

Bu möhüm infrastruktura desgasy 2021-nji ýylyň awgust aýynda gurulyp başlandy. Howa menziliniň düýbi Prezident Ilham Aliýew we onuň maşgalasy Mehriban Aliýewa tarapyndan tutulypdy.

Howa menzilinde uzynlygy 3000 metr we ini 60 metr bolan uçuş-gonuş zolagy gurlup, ähli görnüşli uçarlary kabul etmäge mümkinçilik döredilýär. 5000 inedördül metr meýdany bolan terminal bir sagatda azyndan 200 ýolagçyny kabul edip bilýär. Terminalda “VIP-zaly”, hasaba alyş we howpsuzlyk ulgamlary, ýük kabul ediş nokatlary, söwda nokatlary hem-de garbanyşhana bar. Halkara howpsuzlyk kadalaryna laýyk dolandyrylýan awtomatlaşdyrylan uçuş dolandyryş diňi hem guruldy. Bu ýerlerde döredilen infrastruktura ICAO we IATA standartlaryna laýyklykda howpsuz uçuşlary üpjün edýär.

Laçin etrabynyň Gorçu obasynda, deňiz derejesinden 1700 metr belentlikde ýerleşýän howa menzili 130 gektardan gowrak meýdany eýeleýär. Bu howa menzili Azerbaýjanyň iň beýik belentliginde ýerleşýän howa menzilidir. Laçin şäherinden 30 km, Şuşa şäherinden 70 km, Kelbažardan 60 km uzaklykda ýerleşýär.

Ýene-de okaň

Fatima Tuz Zehra: Aşgabat – gözellik, parahatçylyk we ösüş paýtagty

Ata Watan Eserleri

Duşenbede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy geçirildi

Türkmenistanda galla oragyna girişilýär

Italiýanyň Premýer-ministri Özbegistanda resmi saparda boldy

Türkmenistanyň dokma senagaty ministriniň Belgiýa sapary

Türkmenistan YHG-niň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisine gatnaşdy