TEHNOLOGIÝA

Älem giňişligine syýahat näçe sagat?

Russiýanyň “Roskosmos” agentligi gysga wagtyň içinde üç sany astronawty halkara kosmos stansiýasyna ugradyp rekord goýmagy başardy. “NASA” guramasynyň astronawty Keýt Rubins, “Roskosmos” agentliginiň kosmonawtlary Sergeý Ryžikow we Sergeý Kud-Swerçkow 6 aý möhlet bilen Gazagystanyň Baýkonur kosmodromyndan “Soýuz” kosmos gämisinde kosmosa uçurdylar. Bularyň syýahaty 6 sagat dowam etdi. Bu uçuşyň beýleki uçuşlardan tapawudy, indi olar halkara kosmos stansiýasyna iki esse çalt ýetip bilerler. Astronawtlar iki hepde Moskwada soňra bolsa 17 gün Baýkonurda koronawirus pandemiýasyna garşy synagdan geçdiler. Halkara kosmos stansiýasy takmynan 400 km we sagatda 27,580 km tizlik bilen Ýeriň daşyndan aýlanýar.

Adamzadyň Ýeriň daşynda guran iň uly we iň gymmat gözleg laboratoriýasyna astronawt goýbermek örän kyn bolup durýar. Uçurylandan soň kosmosa gitmeli we kosmos stansiýasyna ýetmek we degişli tizlikde duralga almak üçin tizligini ýokarlandyrmaly bolýarlar. Munuň üçin astronawtlar Ýeriň töwereginde ençeme gezek uçmaly bolýarlar. Rus kosmonawtlar bu uçuşda Ýeriň töwereginde bary-ýogy 2 gezek uçdular we üçünji gezek uçuşyna çykdylar. Şeýlelikde Elon Muskyň “SpaceX” kompaniýasynyň 19 sagatlyk syýahatyny, indi “Roskosmos” agentligi bu syýahaty 16 sagatlyk, ýagny üç sagat gysgaltdylar we bu netije bilen rekord goýdular.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

Ýene-de okaň

Dünýäniň ilkinji emeli aň tehnologiýaly şäheri gurlar

BAE kanuny düzmekde emeli aň ulgamyny ulanýan ilkinji ýurt bolar

Türkiýäniň ilkinji ýerli emeli hemrasy ulanmaga berildi

Aşgabatda «Yutong» kysymly sowadyjyly ýolagçy awtobusy synag edilýär

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi 82 million manatdan gowrak maýa goýumlary özleşdirer

Gazagystan özüniň emeli aňyny döredýär