SPORT

Alaba “Reala” geçer

Birnäçe kubogyň eýesi awstriýaly goragçy Dawid Alaba tomusda “Real Madrid” toparynyň oýunçysy bolar diýip, Ispaniýanyň “Marca” neşiri habar berýär. 28 ýaşly goragçy eýýäm Madrid toparynyň saglyk synagyndan geçip, ýyllyk girdejisi 11 million ýewro barabar bolan 4 ýyllyk şertnama baglaşdy diýip maglumat berilýär.

Onuň häzirki wagtda çykyş edýän “Bawariýa” topary bilen baglaşan şertnamasy 30-njy iýunda tamamlanýar. Şol sebäpli madridliler onuň bilen ýanwar aýynda gepleşikleri geçirmek üçin artykmaçlyk gazandyrdy. “Bawariýa” topary bilen şertnamasy tamamlanandan soňra, ol Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň düzümine goşular.

Häzirki wagtda bu toparyň düzüminde jemi 22 oýuna çykyp, bir gezek ýardam pasyny we bir gezek tapawutlanmagy başardy. Alaba 2009-njy ýyldan bäri bu toparda çykyş edip gelýär. “Bawariýa” topary bilen 9 gezek Germaniýanyň çempionatyny, 6 gezek Germaniýanyň kubogyny, 5 gezek ýurduň superkubogyny, iki gezek Çempionlar ligasyny we UEFA superkubogyny, şeýle hem toparlaýyn dünýä çempionatynyň kuboklaryny gazanmagy başardy.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

UEFA Çempionlar ligasynyň garaşylmadyk netijeleri

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi

Senegal Afrika milletler kubogyny gazandy

Los-Anželes 2028 Olimpiýa oýunlarynyň biletleri satylyp başlaýar

Dr.Döwran Orazgylyjov