DÜNÝÄ

“Al Sharq” gazeti: Aşgabat we Doha gaz we ulag pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Katar Döwletinde iş saparynda boldy. Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen duşuşan türkmen wekiliýeti Kataryň “Al Sharq” gazetine beren beýanatynda türkmen-katar gatnaşyklary barada belläp geçdi.

Kataryň halkara arenasyndaky üstünlikleri barada durup geçen daşary işler ministri Raşid Meredow iki ýurduň halkara meselelerindäki garaýyşlary barada aýdyp, Türkmenistanyň “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly başlangyjy öňe sürendigini mälim etdi.

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara forumyň ähmiýetiniň uludygyny we şunuň bilen baglylykda, Katar Döwletini bu halkara foruma çagyrandyklaryny aýtdy.

Daşary işler ministri iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin gaz pudagy boýunça türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletine iş saparyny guramagy teklip etdi. Şol bir wagtda katarly maýadarlaryň Türkmenistan iş saparyny guramak we Turgundi-hyrat demirýol taslamasynyň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak teklip edildi.

Mundan başga-da, ulag we logsitika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin “Qatar Airways” kompaniýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny guramak teklibi öňe sürüldi.

Şeýle hem Türkmenistanda Kataryň Medeniýet günlerini geçirmek teklibi bilen ýüzlenilip, munuň türkmen halkynyň Kataryň baý medeniýeti we sungaty bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döretjekdigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Beýonse milliarder aýdymçylaryň hataryna goşuldy

Türk aýdymçy: türkmen sahnasynda çykyş etmek örän ýakymly

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýa wiza almakda ýeňillik döredildi

Rus aýdymçynyň Aşgabatda şowhunly konserti geçirildi

Ata Watan Eserleri

Araş Aşgabatda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert berdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Özbegistana sapary