TEHNOLOGIÝA

Akylly telefonlaryň söwdasy pese gaçdy

“Gartner” kompaniýasynyň soňky seljermelerine laýyklykda, 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde akylly telefonlaryň söwdasy pese gaçdy. “COVID-19” pandemiýasy sebäpli Hytaýda bu ugurdaky önümçilik we söwda togtadyldy. Akylly telefonlaryň satuwy 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde 20.2 göterim azaldy. Degişli döwürde iň köp satylan akylly telefonlaryň hataryna “Samsung”, “Huawei”, “Apple”, “Xiaomi” we “Oppo” girdi. “Apple” kompaniýasynyň söwdasy azalan bolsa, “Oppo”, “Samsung” we “Huawei” kompaniýalarynyň söwdasy ep-esli pese gaçdy.

“Xiaomi” geçen ýyl bilen deňeşdirilende diňe 1,4 göterim ösen ýeke-täk marka boldy. “Samsung” geçen ýylyň degişli çärýeginde 71 milliondan gowrak telefon söwdasyny amala aşyran bolsa, üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde 55 milliondan gowrak telefon ýerledi. Hasabat döwründe “Huawei” 42 milliondan gowrak (geçen ýylyň degişli döwründe 58 milliondan gowrak) telefon satdy. “Apple” geçen ýylda 44 million telefon söwdasynyň ýerine şu ýyl degişli döwründe 40 millionyny satdy.

“Apple” -iň onlaýn dükanlary arkaly müşderilere hyzmat etmek we mart aýynyň ahyryna önümçilige gaýdyp gelmek käbir oňyn netijeleri dikeltmäge kömek etdi “-diýlip “Gartner” kompaniýasynyň beýanatynda bellenip geçilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda maglumat geçiriji ýurt bolar

Kiberhowpsuzlyk boýunça täze maksatnama taýýarlanýar

Emeli aň Hytaýyň awtoulag pudagyny üýtgedýär

“Alibaba” kompaniýasy emeli aň ulgamyna 52 milliard dollar maýa goýar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ykjam goşundysy işe girizildi

Dünýäniň iň “akylly” emeli intellekt modeli “Grok 3”