JEMGYÝET

“Akylly» şäherler konsepsiýasy: “Tiz kömek” gullugynda 112 ýa-da 911 belgini synag ediler

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş saparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirip, Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň şäher medeniýeti babatda hem-de ekologiýa nukdaýnazaryndan hem nusgalyk bolmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde, umuman, ähli ýerlerde “akylly» şäherler konsepsiýasyna möhüm üns berilmelidigini, şäheriň çäklerinde ekologiýa taýdan arassa ulaglaryň hereketiniň ýola goýulmagy, Gün we ýel batareýalarynyň işi, yşyklandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, halkymyza edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini we derejesini artdyrmak bilen baglanyşykly wezipelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda “Tiz kömek” hyzmatlary häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmelidir, bu hyzmatlara gelip gowuşýan sargytlar we olaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly wezipeler sanly ulgam arkaly dolandyrylmalydyr. Hormatly Prezidentimiz  “Tiz kömek” gullugynyň 03 belgisine jaň edilende, näsagyň ýerleşýän ýerini takyklap bolmaýandygyny aýdyp, bu babatda dünýä tejribesinde giňden ulanylýan 112 ýa-da 911 belgini synag edip görmek barada aýtdy. Hususan-da, 112 belgä jaň edilende, degişli gulluk kömege mätäç adamyň ýerleşýän ýerini kesgitläp biler, lukmançylyk edarasy bolsa ony hassahana ýerleşdirende, näsagyň lukmançylyk kitapçasyny alyp bilýär. Munuň özi lukmançylyk hyzmatynyň şu görnüşiniň netijeli häsiýete eýe bolmagynda, gelip gowuşýan sargytlaryň ähmiýetini we onuň derejesini kesgitlemekde has-da möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli kämilleşdirmekde döwrebap sanly hyzmatlaryň elýeterliligini üpjün etmekde hem-de şäher düzümini, ýangyn howpsuzlygy ulgamlaryny, köçeleriň yşyklandyrylyşyny döwrebaplaşdyrmakda degişli ygtybarly maglumat binýadyny döretmek hem-de tehniki enjamlaryň işleýşine talabalaýyk gözegçiligi ýola goýmak zerurdyr.

Milli Liderimiz şäherlerde we ilatly ýerlerde arassaçylygyň berjaý edilmeginiň wajypdygyny belläp, “akylly» şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, zir-zibiller üçin “akylly» gaplary ornaşdyrmak baradaky pikiri aýtdy. Sebäbi özüniň gurluşy boýunça zir-zibil gaplar dolan wagtynda hapa ýygnaýjy gulluklara habar gönderýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz  bu işiň häzirki zaman sanly ulgam arkaly dolandyrylmagyna ähmiýet berilmelidigini aýtdy.

Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezi gurulýar

 

Ýene-de okaň

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer