Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sazşynas Akmuhammet Aşyrow agam Aşyrberdi Kürt bilen gatnaşýardy. Agam ýogalansoň, onuň baryş-geliş saklan maşgala ojaklary bilen gatnaşyp başladyk. Akmuhammet aga ömrüniň ahyrlarynda ýarawsyz boldy. Köplenç ýanýoldaşym bilen soramaga barýardyk. Biz paýtagtymyzyň Berzeňňi posýologynda ýaşaýardyk. Akmuhammet aganyň 5 gyzy, 7 ogly, gelinleri, agtyklary, ählisi bir howluda ýaşaýardylar. Bölek-bölek jaý gurlan howlularynyň içi umumyýaşaýyş jaýyny göz öňüňe getirýärdi. Diňe Akmuhammet aganyň iş otagy giňdi. Onuň diwarlaryndaky tekjelerde demir gapyrjaga gaplanan aýdym-saz ýazgylary, kitaplar, elýazmalar, ýazgy enjamlary esli ýer tutup durardy. Her gezek baranymda onuň şahsy arhiwi bilen gyzyklanýardym. «Tüweleme, uly iş edipdir» diýip içimi gepledýärdim. Akmuhammet aganyň aýaly Soltangözel daýza bolsa: «Nämä gerek şu zatlar. Biderek ýer tutup dur. Ýok edip aýyrsa, aýagymyzy uzyn salyp, arkaýyn oturjak. Häli-şindi tozanyny süpürip, arassalamak iş bolýar bize» diýip zeýrenerdi. «Beý diýme, daýza. Ynha görersiňiz, mirasymyza sarpa goýulýan döwrem geler» diýerdim. «Maňa gije arkaýyn ukymy alyp, dynç alsam miras şol. Düşün, çagam! Munça çagalar bilen ýaňy bir irkilýäň welin: «Eltmäň meni Han dädemiň ýanyna» diýip oýarýarlar. Saz-söhbet gowy zat. Ýöne uly maşgalada kyn bolýar ahyryn» diýip düşündiripdi. Häzir Akmuhammet aga-da, Soltangözel daýza-da aýatda ýok. (Ýatan ýerleri ýagty bolsun!).
Iki-üç ýyllykda «Miras» teleýaýlymynda berilýän «Ruhy çyragym» gepleşiginiň bir sany şahyr Berdinazar Hudaýnazarowa bagyşlandy. Şonda şahyryň ýanýoldaşy Ogultäç eje (Orazberdiýewa) çykyş etdi. Ol Berdinazar aganyň: «Gök käsäniň döwgün tapdym, atam seniň ojagyňdan»… diýen setirlerini ýatlady. Şol döwük käsäniň böleklerini miras hökmünde saklaýandygyny aýdyp, gapyrjakda käse döwükleri görkezdi. Göräýmäge käse döwükleri ýygnap goýmagyň geregem ýok ýalydyr. Emma çuň many bilen döredilen ajaýyp goşgynyň bary-ýogy şol iki setiriniň özünde-de ýaşlar üçin öwrenmäge uly taryh bar. Şol pursat Akmuhammet aganyň iş otagy göz öňüme geldi. «Şu zatlar kime gerek?» diýip Soltangözel daýzanyň zeýrenip aýdan sözleri gulagymda ýaňlanýan ýaly boldy.
Herki zadyň öz wagty gelmeli. Milli mirasymyza uly sarpa goýulýan häzirki döwrümizi gören bolsa Akmuhammet aga nähili begenerdi diýenimi duýman galdym. Onuň kitap tekjämde duran «Könegüzer» hem-de «Kyrklar» atly kitaplary ýadyma düşdi. Onda: «Hormatly dostum, meşhur satirik Aşyrberdi Kürtüň jigisi Akgüle we Dörtgula awtordan sowgat bolsun. Akmuhammet Aşyr, goly, 16.12.2003 diýen ýazgy bar. 1992-nji ýylda çap bolup, giň okyjylar köpçüligine ýetirilen «Könegüzer» kitabyny okap, kitabyň girişindäki «Awtor bu kitabynda türkmen aýdym-sazlarynyň dürli ýyllarda ýazga geçirilen ygtybarly ýadygärlikleri hem-de saz sungatynyň meşhur halypalarynyň nesillerimize galdyran ajaýyp nusgalary hakynda dokumental oçerkleriň, makalalaryň, rowaýatlaryň üsti bilen täsirli söhbet açýar» diýen ýazgy bilen ylalaşmak bolýar. Akmuhammet aganyň 1993-nji ýylda çap bolan «Kyrklar» atly kitaby hakda bolsa sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Şahym Gullyýewiň bu kitaba ak ýol arzuwlap ýazan ýazgysynyň özi ýeterlik. «Bagşyçylyk sungatyny öwreniji Akmuhammet Aşyryň «Kyrklar» kitaby onuň ýyllaryň dowamyndaky gözlegleriniň bir parçasydyr. Onuň bagşyçylyk sungatyny öwrenip ýörenine 40 ýyl boldy. Ol şol 40 ýylyň içinde meşhur bagşy-sazandalara degişli 400-den gowrak teleradiogepleşikleri taýýarlady. Gazetdir-žurnallarda 300-e golaý ululy-kiçili ylmy we çeper makalalary neşir edildi. Akmuhammet Aşyr türkmen sazynyň ykbaly bilen baglanyşykly «Saz öwrenijiler we türkmen sazy», «Türkmen aýdym-saz ýazgy ýadygärlikleriniň taryhyndan», «Ýadygär nusgalar» ýaly uly göwrümli ylmy makalalary ýazdy. Awtor ýaňy ýakynda bagşyçylyk sungatyna degişli ýene-de bir kitaby neşirýata tabşyrdy. «Bagşylar kerweni» atly ol kitabynda 200-e golaý bagşydyr sazandanyň sungat hem ömür kyssalary beýan edilýär. Türkmen bagşyçylyk sungatyny öwreniji Akmuhammet Aşyr Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy. Ol talyplara bagşyçylyk sungatynyň taryhyny öwredýär. Gowy kesbiň eýesi Akmuhammet Aşyra ýeneki ýyllarda-da uly üstünlikleri arzuw edýäris. Bagşyçylyk sungatymyza degişli kitaplarynyň höwri köp bolsun!»
Bir gezek Akmuhammet aga maňa jaň etdi: «Jigim, kyn görme, ýumuş buýurjak. «Edebiýat we sungat» gazetinde makalam çykypdyr. Keselhanada ýatamsoň alyp bilmedim. 2-3 aý geçdi. Gazetiň şol sanyny tapamok» diýip haýyş etdi. «Bor» diýip ýörite redaksiýa geldim. Işgärlerden haýyş edip 2 sany gazet tapdym. Işden soň çagalaryma-da ynanman, özüm öýlerine äkitdim. Barsam, Akmuhammet aga lukmana görünmäge gidipdir. Daýzanyň ýanynda biraz oturyp garaşdym. Ahyry: «Daýza şu gazeti agtyklaryň ýyrtaýmasyn, ýaşula elin gowşur» diýip turmak bilen boldum. «Bolýar gyzym, taňryýalkasyn!» diýip, ol gazetleri gapdalynda goýdy. Derwezeden çykdym welin daýzanyň: «Tutaç getireweriň!» diýen sesi eşidildi. Säginip, diňşirgenenimden «jaýyrt» edip gazet ýyrtylýanyny duýdum. Yzyma öwrülip derwezeden boýnumy uzatdym. Gazandaky tomat çogup dur. Daýza elten gazetim bilen gazan düşürjek bolup dur.
− Daýza, nädäýdiň ol gazetleri – diýipdirin.
− Wah, nädeýin elimiň ýanyndaky tutaçlary agtyklar alyp gidipdir-ä — diýip aljyraňňy ýagdaýda başyny ýaýkap ýüzüme seretdi.
2005-nji ýylda «Edebiýat we sungat» gazeti üçin Gandym aga keşbi bilen tanalýan meşhur artist Sary Garryýew hakynda makala ýazdym. Şonda Sary agalaryň öýlerine baranymda onuň arhiwinde syýa bilen «Dostluk sazy» nota geçirilen ýazgynyň gapdalynda Sary Garryýew diýen ýazga gabat geldim. Akmuhammet aga bu wakany gürrüň berdim. Şonda ol: «1964-nji ýylyň güýzünde Türkmen döwlet arhiwindäki ses ýazgylaryny diňläp, olary aýyl-saýyl etmek başlandy. Şol diňleşige men hem gatnaşdym. 1939-njy ýylda mehaniki ýazga alnan bagşylaryň köpüsini tanadylar. Emma şolardan üç bagşy tanalmady. Ýogsam ol aýdymlary kän adama diňletdik. Emma netije çykmady. Ahyry Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarowa ýüz tutmaly boldy. Aýdymlary bir ýanyndan täzeden diňläp ugradyk. «Bilen barmy», «Körata», «Zülpüň seniň», «Amman-amman» ýaly aýdymlar ýaňlanyp başlandan soň, Sahy Jepbar: «Bu köşüli bagşynyň sesi ýaly-la» diýip, bagşynyň aýdymlaryny ýüzüne syldy. Ýazga alnan aýdymlaryň beýlekilerem diňlenip, şolardan ýigrimä golaýy Hally bagşa degişli boldy. Galanlaryň on ýedisi Hally bagşynyňam şägirdi bolup gezen Gökje obasynda ýaşap geçen Oraz Sopynyň aýdan aýdymlary eken. Biziň öň anyklap bilmedik aýdymlarymyzyň on sekizsini hem belli artistimiz Sary Garryýew aýdan eken. Ol aýdymlaryň ýazgy hiliniň pesligi üçin kabul edilmedi» diýip gürrüň berdi.
Bir gezek obadan geldim. Gapymyzda Akmuhammet aganyň oglunyň ulagy dur. Öýe girsem, ýoldaşym çaý demläp dur. Saçak başynda goňşymyz Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Mämmet aga, (Orusow) Akmuhammet aga hem-de ogly otyrlar. Akmuhammet aga: «Biraz aýdym-saz hakda söhbet edesim geldi. Ogluma: «Mämmedem al. Dostumyz Aşyrberdiniň inisiniň öýüne äkit, boşlawrak ýer» diýdim. Kyn görme jigim – diýdi. Şol gezek ol loh-loh gülüp, şu wakany gürrüň beripdi.
− Aşyrberdi agras adam, ýöne şeýlebir dözümsizdi. Ejize hossardy. Bir gün ol maňa jaň etdi. «Kärdeşlerimiziň biri öýlendi. Akmuhammet seniň ýagdaýyň ganymat. Gaýrat et-de şonuň üýşmeleňini sow. 10-15 adam gutlap öýüne barjakmyş» diýip haýyş etdi. «Bolýar» diýip öýüne barsam ýekeje keçe ýazylgy dur. Onsoň öýden düşek, gap-gaç äkidip, derrew biş-düş taýýarlap märekesini sowduk. Soň: «Aşyrberdi, «Märekäni sow» diýdiň welin, diňe iýmek-içmegiň gürrüňidir öýtdüm. Mazaly öňünden baryp görenim gowy bolaýdy. Öýünde düşegem ýok ekeni» diýsem: «Wah, öýünden galtaman geçen ýaly bolansoň haýyş etdim. Taňryýalkasyn. Bir-birege kömek etmeli. Adamyň başyny alyp durýan zat ýokdur» diýdi.
Akmuhammet aga şol gezek halypa bagşy Sahy agadan eşiden şu gürrüňini hem aýdypdy: «Sahy aganyň halypasy Hally bagşy aýdym aýdanda kellesindäki tahýa pyrlanýan eken».
Ýogalmazynyň öň ýanlary Akmuhammet agadan okamak üçin Kerim aganyň: «Şahyryň gözi» atly kitabyny aldym. Soň Berzeňňi posýologyndan göçdük-de, kitap gowşurylman galypdyr. Onsoň onuň ikinji oglunyň öýüne söhbetdeşlige bardym. Ilki bilen-ä şol kitabyň gowşurylman galandygyny aýtdym. «Özüňizde ýadygärlik durubersin» diýdiler. Soňra-da onuň arhiwi bilen gyzyklandym. Ogly Durdy: «Saklap bilmän zaýalaýmaly» diýip kakamyň arhiwini Türkmenistanyň döwlet arhiwine tabşyrdyk» diýdi. Öýlerinde kakalaryna degişli diňe bir torba surat bar eken. Gelni Ogulgerek arhiw suratlary öňümde goýdy. Akmuhammet aganyň 1952-1956-njy ýyllarda Çärjewiň (häzirki Türkmenabat şäheri) mugallymçylyk institutynda türkmen dili we edebiýaty bölümini tamamlan uçurym suraty, Öwezgeldi Tekäýew, Oraznepes Döwletnazarow, Mämi Çaryýew… ýene-de kän halypa bagşy-sazandalaryň suratlary bar eken. Bir suratda dik-durma, estrada aýdymçylaryň ilkinjileriniň biri, ajaýyp aýdymlaryň ençemesini döreden Mämi Çaryýewiň egnine içmek ýapyp Akmuhammet aga, onuň ýubileý toýuny gutlap dur. Şol suraty synlap durşuma, Akmuhammet aga bilen Soltangözel daýzanyň pygamber ýaş toýy ýadyma düşdi. Haly düşelen agaç sekiniň üstünde toýuň sebäpkärleriniň milli lybasda bezenip oturyşlary, Mämi Çaryýewiň «Bu gün meniň toýum bar, Toýuma gel, toýuma» diýip aýdym aýdyp duran keşbi göz öňüme geldi.
Kakaňyz bilen bagly pursatlar ýadyňyza düşýärmi? – diýip Durda ýüzlendim.
Ol ýylgyryp ilki bilen çagalyk döwründäki pursatlaryň käbirini ýatlady.
– Öýümiz mydama toý ýalydy. Bagşy-sazandalar, artistler kän gelerdiler. Çaga wagtlarymyzdy. Öýümize gözbagçy bolup oýnaýan Amanjyk geldi. Ol kakamdanam, uly adam eken. Öýümiziň bir otagynyň çyrasyny öçürip, 7 oglan dogan bolup biri-birimize ýassyk zyňmaşak oýnap otyrdyk. Amanjyk gapyny açyp: «Menem oýnaýaýyn siziň bilen» diýdi. Öz-ä kiçijik. Çaga ýalam geplänsoň deň-duşumyzdyr öýdüp, onuň bilenem ala-goh bolup oýnadyk. Birden ejem gapydan girip: «Utanaňyzokmy? Öýde myhman bar ahyryn» diýip, ýeňsämize şarpyk çalyp daşaryk çykaryp başlady. Ogullarynyň biridir öýdüp, Amanjyga-da şarpyk çalypdyr. «Waý, meni urmaweri. Men Aman» diýip gygyrdy. «Wiý bagyşlaweri. Men näbileýin, toba» diýip ejem ötünç sorapdy.
Bir gezegem öýümize Daşoguzdan Baýar bagşy geldi. Ol:
– Oglum, daş çyksaň şu çäýnegiň şemmesini basylmajak ýere döküp gel − diýdi. Daş çykdym welin, ejem tirt edip, üstüne paçak dograp otyr.
− Eje, çaýyň şemmesini nirä dökeýin – diýdim.
− Getir, şu tirtiň üstüne guýaý – diýdi.
Biraz wagt geçdi. Daşarda ala-takyrdy bar. Görsek geçilerimiziň hemmesi goňşymyzyň jaýynyň üstünde gezip ýör. Geň galdyk. Kakam:
− Bu nä boluş – diýip, geňirgenip myhmana gürrüň berdi. Myhman menden:
− Oglum, ýaňky çaýyň şemmesini nirä dökdüň? – diýip sorady.
− Tirte guýdum.
− Hä, şeýlemi. Onda howlukmaň, bir sagatdan köşeşerler − diýdi. Aýdyşy ýaly boldy. Ýöne soň ýagyş geçip duransoň, kakam goňşymyzyň döwlen şiferlerini galyň şifer bilen täzelemeli boldy. Geçilerimiz böküp, ähli şiferlerini döwüpdir eken.
Bir günem howlymyzda üýşüp oglanlar bilen para öýnap durduk. Öýümize artistler Akmyrat Bäşimow (Pökgi wala) hemem Tagan Saryýew (Annam brigat) geldi. Annam brigat hor, uzyn adam eken. «Menem oýnaýaýyn» diýip, biziň bilen böküp-böküp para oýnady. Aýaklary uzyn bolansoň, para zyňylyp-zyňylyp jaýymyzyň boýuna çenli ýetýär. Hezil edip gülüşýänimiz ýadymda.
Kakam teleýaýlymda, konserwatoriýada, köp ýerlerde işledi. Öýümizde ýazgy kän edilerdi. Meşhur dessançy Gurt Ýakubyň dessanlaryny ýazgy edip oturanlary ýadymda.
− Bir gezek kakaňyzdan halypa-şägirtlik ýoly hakda soradym. Şonda ol: «Şägirt meselesinde agtygym Myrada synym oturýar. Men oňa: «Oturyp saz öwren» diýemok. Kiçi bolsa-da, eýýäm kyrka golaý bagşy-sazandanyň terjimehalyny ýatdan bilýär. Mylly aganyň «Bahar» diýen sazyny ussatlarça çalýar. Özi höwesli. Myrat jan göwün isleýşim ýaly şagirt bolar diýen umydym bar» diýipdi. Kakaňyzyň sungat ýoluny dowam edýän maşgala agzalaryňyz barmy?
– Kakamyň öz çagalaryndan-a hiç birimiz ýokary bilimli däl. Sungata ýykgyn edýänimizem ýok. Ýönekeý işlerde işleýäris. «Menem hiç kim öňüme düşüp okatmady. Özüňizde höwes bolsa okarsyňyz» diýerdi. Ynam bildiren agtygy — inimiz Myrat Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk bölümini gutaryp, häzir şol ýerde mugallym bolup işleýär. Meniň öz oglumyň biri «Mawy yşyk» tehnikumy gutaryp, «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynda operator bolup işleýär. Ýöne men işden sypynsam, köplenç, kakamyň ýanynda bolardym. Ulagym bilen işe äkidip-getirerdim. Welaýatlarda bagşy-sazandalaryň ýibileý toýy geçirilse bile giderdik. Kakam makala ýazardy, men bolsa surata alýardym. Bir gezek meşhur bagşy Oraz Salyryň ýubileý toýuna gidipdik. Oba ýeriniň dükany bolsa-da, şeýlebir owadan-owadan çaga oýunjaklary satylýan ekeni. Gyzymyň ýaňy bir ýörjek-ýörjen wagtlarydy. Ep-esli oýunjak satyn alyp gelipdim. Kakam hakda ýatlasak ýatlama kän…
Oglunyň aýdyşy ýaly, Akmuhammet aga bilen bagly ýatlamalar örän kän. Ol ýatlamalaryň her biri bolsa bagşyçylyk sungaty bilen bagly. Sebäbi Akmuhammet aga ömrüni halkymyzyň milli bagşyçylyk sungatyny öwrenmäge bagyşlan halypalaryň biri. Ol saz sungatynyň perwanasydy.
Akmuhammet halypanyň döredijilik ýoly bu gün mirasy öwreniji ýaşlar üçin mekdepdir.
Akgül SAPAROWA.