Taryha ser salsak, kuwwatly türkmen döwletlerinde ylym-bilimiň ýokary derejede ösdürilendigine göz ýetirmek bolýar. Türkmen döwletleriniň hökümdarlary ylmyň ösmegi üçin alymlary öz ýurduna çagyryp, howandarlyk edipdirler. Akgoýunly türkmen döwletiniň hökümdary Uzyn Hasanyň bu ugurda amala aşyran işleri hem muňa aýdyň mysaldyr. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde ýerleşdirilen makalada bellenilip geçilýär.
Akgoýunly türkmen döwletini Oguz han neslinden bolan Baýyndyrlar esaslandyrypdyr. Maglumatlara görä, akgoýunlylar orta asyrlarda Horasandan Diýarbekiriň töwereklerine göçüp barypdyrlar. Akgoýunlylaryň ilkinji taryhy şahsyýeti Turaly begdir. Turaly begiň agtygy Gara Ýülük Osman beg 1403-nji ýylda merkezi Diýarbekir şäheri bolan Akgoýunly döwletini esaslandyrypdyr. Gara Ýülük Osman begiň agtygy Uzyn Hasanyň döwründe bu döwlet gülläp, çägini giňeldip, şadöwlet (imperiýa) derejesine ýetýär.
Uzyn Hasan 1453-nji ýylda tagta geçip, tä aradan çykýança — 1478-nji ýyla çenli döwleti dolandyrypdyr. Ol köp sanly bilim we sungat işgärlerini öz döwletinden hem-de daşyndan Töwrize çagyrypdyr. Köşgünde olar bilen her anna agşamy söhbetdeşlik geçiripdir. Uzyn Hasanyň döwründe taryhçy Abu Bekr Tährany, pelsepeçi Muhammet ibn Jelaleddin Dewwany, Aly Guşçy ady bilen belli bolan astronom Alaeddin Aly ibn Muhammet ýaly meşhur alymlar bolupdyrlar. Uzyn Hasan alymlary ýakyndan goldapdyr we olara howandarlyk edipdir.
Akgoýunly döwletiniň alymy Abu Bekr Tähranynyň Uzyn Hasanyň tabşyrygy boýunça pars dilinde ýazan «Akgoýunly türkmenleriniň taryhy» («Kitaby Diýarbekriýe») atly eseri orta asyrlarda türkmenleriň guran we dolandyran Garagoýunly we Akgoýunly döwletleriniň taryhyny öwrenmekde iň ygtybarly çeşmedir. Alym bu eserinde hökümdarlar bilen birlikde edermen nökerleriň wezipeleri, gahrymançylyklary barada hem maglumat berýär. Eserde Akgoýunly döwletinde atlara goýlan sarpa, hökümdarlaryň bedewleriniň atlary, wepadarlygy, çydamlylygy, ýyndamlygy ussatlyk bilen wasp edilipdir.
Akgoýunly döwletiniň hökümdary Uzyn Hasanyň döwrüniň belli alymlarynyň ýene biri Jelaleddin Dewwany ady bilen belli bolan Muhammet ibn Esad Jelaleddindir. Ol Garagoýunly döwletinde hyzmat edipdir. Bu döwlet ýykylandan soňra, alym Akgoýunly döwletiniň hökümdary Uzyn Hasanyň we onuň ogly Ýakup begiň döwürlerinde köşkde işläpdir.
Jelaleddin Dewwanynyň Uzyn Hasanyň tabşyrygy bilen ýazan eseriniň doly ady «Lewami’ul-işrak fi mekarimi’l-ahlak» bolup, «Ahlaky Jelaly» ady bilen bellidir. Bu eserde ahlagy düzetmek we gözelleşdirmek, maşgaladaky ahlak we maşgalanyň dolandyrylyşy, syýasy we jemgyýetçilik ahlagy barada beýan edilipdir.
Uzyn Hasan 1473-nji ýylda Töwrizde alym we söz ussady Abdyrahman Jamyny (1414 — 1492) kabul edipdir. Olaryň duşuşygy barada şeýle maglumat bar: «Möwlana Jamy Töwrize gelende Hasan begiň beýik emirlerinden Kazy Hasan, möwlana Abu Bekr Tährany, derwüş Kasym Şagawul we başga-da döwletiň sylanýan adamlary uly hormat we sylag bilen garşy aldylar. Jamy Hasan bilen görüşdi. Hasan beg myhmana ýokary derejede sylag we hormat görkezdi. Patyşalara laýyk sowgat berdi». Şeýle hem alym bilen Uzyn Hasanyň ýazyşan hatlary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Bu bolsa Uzyn Hasanyň alymlara hormat goýmak bilen, özüniň hem ýokary derejede sowatly şahs bolandygyny görkezýär.
Akgoýunly türkmen döwletiniň hökümdary Uzyn Hasanyň döwründäki alymlaryň ýazan işleri taryhymyzy we medeniýetimizi öwrenmekde ygtybarly çeşme bolmak bilen, häzirki döwürde-de öz gymmatyny ýitirenok.
