MEDENIÝET

Ak şäherimiz Aşgabada bagyşlanan konsert

2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şanly senede ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň toýlanýan bagtyýar döwri ajaýyp wakalara beslenýär.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda toýlarymyz goşa-goşadan gelýär. Geçen hepde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet Baýdagynyň gününi giňden toýlan bolsak, bu hepde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ak mermerli paýtagty Aşgabat şäheriniň döredilen güni hem-de mekdep okuwçylarynyň durmuşynda möhüm orun eýeläýn “Soňky jaň” dabaralary giňden bellenýär.

Ine, şeýle ajaýyp günlerde, bilşiňiz ýaly, ýaňy-ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda  «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly geçirildi. Bu festiwal aýdym-saz sungatynyň parahatçylygyň waspçysy bolup ýaňlandy. Aýdym-saz sungatyna aýratyn gadyr goýulýan berkarar döwletimizde ýurdumyzyň baýry bilim ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda şanly senelere bagyşlanyp, konsert agşamlary geçirilýär.

  

Şeýle ajaýyp konsert maksatnamalaryň ýene-de biri geçirilip, ol hem ak şäherimiz Aşgabadyň döredilen gününe bagyşlandy. Bu konsert maksatnamasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň fortepiano kafedrasynyň uly mugallymy hem-de kompozitory Şemşat Amannepesowanyň ýekelikde hem-de talyplaryň çalmagynda ajaýyp sazlar ýerine ýetirildi. Uly üstünlige hem-de ussatlyk sapagyna öwrülen agşamda türkmen we daşary ýurtly kompozitorlaryň eserleri ýaňlandy.

Aýdym-saz muşdaklarynda uly ýakymly täsirler galdyran konsertde meşhur kompozitorlar Bahyň, Gaýdyň, Musorgskiniň, Şopeniň, Skrýabiniň, Jopleniň, Astor Pýassollanyň, Nury Halmämmedowyñ, Çary Nurymowyň, şeýle hem Ş.Amannepesowanyñ sazlary ýerine ýetirildi.

Bu dünýä hem-de türkmen nusgawy sazlaryny ýerine ýetiren talyplar Aknabat Ýazpoladowa, Aýsoltan Samedowa, Nurberdi Hojayew, Gyrmyzy Bäşimowa, Täzegül Jumaýewa, Muhammet Welanow tomaşaçylardan uly öwgä mynasyp boldular.

Tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanan bu konsert agşamy milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bo­lan aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň özboluşly baýramçylygyna öwrüldi.

Ýazguly Babaniýazow,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
Orkestr saz gurallary fakultetiniň
“Uflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy.

Ýene-de okaň

Ilkinji gezek Buker baýragy hekaýalar ýygyndysyna berildi

Pars dilini goramak we Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak güni

Azerbaýjan Respublikasynyň at gazanan artisti Aşgabatda “Parahatçylyk sazy” halkara festiwalyna gatnaşdy

Aşgabatda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly geçirilýär

Türkmenistanda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly geçiriler

Türkmenistan GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII forumyna gatnaşdy