JEMGYÝET

«Ak şäherim Aşgabat» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 7-nji maýda geçirilen mejlisinde özüniň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny tamamlandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda Gurluşyk we senagat toplumynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň guramagynda milli Liderimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary, işgärleri, görnükli ýazyjy-şahyrlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar Aşgabadyň 140 ýyllygynyň öň ýanynda türkmenistanlylara şeýle ajaýyp kitaby peşgeş berendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

Dabarada çykyş edenler bu kitapda döwlet Baştutanymyzyň Watanymyza, paýtagtymyza, mähriban halkymyza söýgüsiniň beýan edilendigini aýratyn nygtadylar.

Kitabyň “Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar” atly ikinji bölüminde milli Liderimiz «ak arzuwlar», «ak şäher» söz düzümleriniň manysyny düşündirmek arkaly halkymyzyň gowy niýet tutunmak hakyndaky ynamyny beýan edýär.

Kitap 6 bölümden ybarat bolup, ýeňil okalýar. “Göwni açygyň ýoly açyk” diýen bölümde “Ak şäherimiziň nurana ýollary”, “Şäheriň aşagyndaky şäher”, “Suw — ähli ýerde hem ýaşaýşyň çeşmesi”, “Energiýa üpjünçiligi — ähli zadyň sakasy” atly bölümçeler bar.

“Aşgabat — dünýä binagärliginiň merjeni” diýen bölüm bolsa “Oňat ýaşamagyň ilkinji şerti — oňaýly, döwrebap öýler”, “Röwşen geljegiň binýady”, “Medeni hazynanyň jemlenen şäheri”, “Saglyk: ýaşaýşyň amatlylygynyň esasy şerti”, “Sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäheri”, “Aşgabat — halkara hyzmatdaşlyk merkezi”, “Binagärligiň täze nusgasy” atly bölümçeleri özünde jemleýär. Olarda getirilen maglumatlar döwrebap şäherimizi ösdürmegiň ugurlarynyň her biri hakyndaky bilimleri baýlaşdyrýar.

 

Türkmenistana COVID-19 ýokanjyna garÅŸy “СоrоnĞ°Vас” sanjymy geldi

 

 

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi