BIZNES

“Ak şäherim Aşgabat” atly halkara sergisi geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 24-25-nji maýynda geçiriljek “Ak şäherim Aşgabat” atly XX köpugurly halkara sergä we şanly senäniň hormatyna guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçildi.

Aşgabat şäher häkimliginiň we Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda her ýylda geçirilýän sergä ýurdumyzdan we daşary döwletlerden köp sanly wekiller gatnaşar.

Halkara serginiň baş maksady ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň hem-de düzümleriniň ýeten derejesi, gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmakdan, şäheriň senagat, medeni we bilim mümkinçiliklerini, ägirt uly durmuş-ykdysady kuwwatyny, geljekki ugurlaryny görkezmekden ybaratdyr.

Şeýle hem wise-premýer serginiň çäklerinde dizaýnerleriň arasynda bäsleşik geçirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde paýtagtymyzyň sazlaşykly ösýän we gözelligi, amatlylygy özünde jemleýän, binagärlik, inženerçilik-tehniki çözgütler boýunça belent derejelere ýeten hem-de milli binagärligiň gadymdan gelýän däplerini saklaýan şäher hökmünde öz ornuny pugtalandyrýandygyny belledi.

Sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzyň baş şäheri köp sanly önümçilik, medeni-durmuş maksatly täze desgalaryň, ylym-bilim merkezleriniň, sport toplumlarynyň, amatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy bilen öz çäklerini giňeltdi. Ak mermerli Aşgabadyň özboluşly binagärlik keşbini düzýän köp sanly desgalar Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Döwlet Baştutanymyz däp bolan halkara serginiň ähmiýeti barada aýdyp, onuň paýtagtymyzy dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleri açyp görkezýändigini belledi hem-de ýylda geçirilýän bu serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

 

Nobatdaky Milli tokaý maksatnamasy taýýarlandy

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi

Daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň okuw töleglerini onlaýn tölemek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýoluň gurluşygyna başlanýar