MEDENIÝET

Ajaýyp konsert geçirildi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni uly şatlyk-şagalaňa beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda medeniýet ulgamy özüniň ösüşiniň täze belentliklerine çykýar. Ýurdumyzda medeni we sungat ussatlarynyň sarpasy belentden tutulýar. Ýaş zehinleri ýüze çykarmak ugrunda dürli çäreler geçirilýär.

Türkmen aýdym-saz sungatynyň ýaş höwesjeňlerini sungatyň bu ugruna gönükdirmek üçin dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Ine, şeýle çärelerip biri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirildi. Bu ýokary okuw mekdebiniň mejlisler zalynda aýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň fortepiano kafedrasynyň uly mugallymy hem-de kompozitory Şemşat Amannepesowanyň hem-de “Estrada sungaty” kafedrasynyň kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň mugallymy Yklym Babaniýazow bilen bilelikde we ýekelikde ýerine ýetirmeginde konsert geçirildi.

Ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebinde geçirilen ýaş zehinlileriň festiwaly köp adamly boldy. Oňa ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary, şeýle hem sungat muşdaklary gatnaşdy.

Konsert maksatnamasynda türkmen we dünýä belli kompozitorlaryň sazlary ýerine ýetirildi. Hususan-da, Amerikanyň estrada, jaz we rok aýdymçysy M.Jeksonyň “Bad” sazy düňleýjileriň ünsüni çekdi. Maýkl Jeksonyň “Bad” eseri kinofilmden bolup, onuň birnäçe bäsleşiklerde iň ýokary baýraga, ýagny “Gran Pri” sylagyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Häzirki döwürde bu eser fortepiano saz guralalry üçin täzeden işlenendir. Şemşat mugallym bu sazy sahnada ilkinjileriň biri bolup, ýerine ýetirmegi, bu saz Yklym mugallymyň depiň dürli görnüşde ýaňlanan sesleri bilen bezemegi has täsirli bolup, ol konserte gatnaşan sungat muşdaklarynyň dowamly el çarpyşmalary bilen dabaralandy.

Şeýle hem konserde Yklym Babaniýazow “Gündogar öwüşginleri” atly sazy depiň dürli görnüşinde çalyp, diňleýjilere ýetirdi. Yklym mugallym ksilafon saz guralynda, Şemşat mugallymyň sazandarlyk etmeginde birnäçe ajaýyp sazlary ýerine ýetirdi.

Ýagny, olar ermeni kompozitor Aram Haçaturýanyň “Lezginka” eserini, A. Polonskiniň “Konsert Gardaşy”, A/Jülgäýeriň “Ýaşlara salam” eserlerini ýerine ýetirdiler.

Mundan başga-da, ýaş kompozitor mugallym Şemşat Amannepesowa häzirki zaman jaz eserlerine ýüzlenip, Azerbaýjanyň Aziza Zadeh atly kompozitorynyň sazlaryny çaldy.

Konsertde şu ýyl halypa kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Şemşat mugallym bu meşhur kompozitory ýatlap, “Dutaryň owazy” atly eseri ýerine ýetirdi.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy