JEMGYÝET

Ahmet Çalyk: türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňzi arkaly Türkiýä ibermek taslamasy boýunça iş alyp barýarys

Türkmenistanyň elektrik energiýasyny Hazar deňzi arkaly Türkiýä iberilmegi ugrundaky taslamalaryň üstünde iş alyp barýarys. Bu barada «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk Türkmenistanyň Maýa goýumy forumynda eden çykyşynda belläp geçdi.

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýumy forumy öz işini başlady. Forumyň “Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri” atly plenar mejlisinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk çykyş etdi.

Türk işewüri Türkmenistanda daşary ýurtly maýadarlaryň giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmegine giň mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi.

– Geljegi uly türkmen bazayr halkara hyzmatdaşlary üçin giň mümkinçilikler hödürleýär. Parahatçylyk söýüjilikli syýasaty alyp barýan Bitarap Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatlaşlaryna hemişe gapylaryny açýar. «Çalyk Holding» kompaniýalar topary hökmünde ata watanymyz Türkmenstanda uzak ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirýäris. Energetika, saglyk, dokma toplumy, nebit-himiýa we gurluşyk pudaklarynda ençeme taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşdyk. Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň şaýady bolýarys – diýip, Ahmet Çalyk belläp geçdi.

Şeýle hem türk işewüri  Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi ýaly halkara taslamalara gatnaşan we maýa goýan kompaniýa hökmünde Türkmenistanyň üstünliklerine buýsanýandyklaryny aýtdy.

Ahmet Çalyk Türkmenistanyň Türkiýä elektrik energiýasyny ibermek babatda Hazar deňziniň aşagyndan Türkiýä we goňşy döwletlere elektrik energiýasyny ibermek boýunça halkara taslamasyna maýa goýmak boýunça işleri alyp barýandyklaryny mälim etdi.

«Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda energetika, dokma we gurluşyk pudagynda 120-den gowrak maýa goýum taslamalary durmuşa geçirildi. Baglaşylan şertnamalaryň sany 13 milliard dollardan gowrak boldy.

Häzirki wagtda «Çalyk Holding» kompaniýalar topary tarapyndan Balkan welaýatynda kluwwaty 1574 Mwt bolan iri energetika stansiýasynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Ýene-de okaň

Türk ministri: türkmen gazy 1,5 million hojalygyň zerurlyklaryny üpjün eder

Oraza aýy-2025 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Arkadag şäherinde 5G” tehnologiýasynyň işi ýola goýlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde “4G+” internet ulgamynyň işine ak pata berdi

Türkmenistanda 2026-2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze resminamasy kabul ediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri