SIZDEN GELENLER

Ählihalk bag ekmek dabarasy

Ýene-de sanlyja wagtdan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaz­ky bag ek­mek möw­sü­mi­ne ba­dal­ga berler. Gahryman Arkadagymyzyň ekologiýa diplomatiýasyna berýän uly ünsi netijesinde, ýurdumyzda äh­li­halk bag ekmek da­ba­ra­sy ge­çi­riler.

Bu asyl­ly çärä ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Milli Liderimiz şäherleriň ilatynyň durmuşynda seýilgähleriň wajyp orny eýeleýändigini hem-de daşky gurşawda gök zolaklaryň ähmiýetini nygtamak bilen, şolaryň ekologik wezipä — amatly, asuda we owadan dynç alyş ýeri hem-de adamlaryň arassa howadan dem almagy üçin niýetlenen ýere öwrülmegi ýaly wezipä aýratyn üns berýär.

Seýilgählerde medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak we wagtyňy peýdaly geçirmek hem-de daşky gurşaw barada alada etmek ýaly wezipeleriň utgaşdyrylmagy möhümdir. Şunda tebigatyň gözelligi ynsanyň ruhuny galkyndyrýar, saglygynyň berkemegine has-da oňaýly täsirini ýetirýär.

Türkmen halky ene topragyny asyrlarboýy bagy-bossanlyga öwürmegi arzuw edipdir. Bag oturdan adam hemişe aýratyn hormata eýe bolupdyr. Adamlar bag-bakjaly, miweli baglary synlap, üstünden onlarça ýyllar geçse-de, olary kimiň ekendigini ýatlaýarlar. Baglara örän aýawly garaýarlar. Şonuň üçin döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan tokaý zolaklaryny döretmek we giňeltmek başlangyjy ählihalk goldawyna eýe boldy.

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň töweregindäki dag eteklerinde arça agaçlary oturdylan meýdanlar ýylsaýyn giňeýär. Olar topragy berkidip, ýerasty suwlaryň ýokary galmagyny saklaýar hem-de sil suwlarynyň döremeginiň öňüni alýar. Şeýle hem arça agajy uglerod oksidiniň howadaky derejesini peseldip, howany tozandan arassalap, ýellerden goranmagyň tebigy serişdesi bolup durýar. Mundan başga-da, Aşgabadyň töwereginde emele gelen tokaý-seýilgäh zolagy bu ýerde howanyň gowulanmagyna ýardam edýär.

Hangeldi Kurbanow,
S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ

Oba hojalygynyñ mehanizasiýasy fakultetiniñ 5-nji ýyl talyby.

 

 

Irden limonly suw içmegiň peýdasy

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika