ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 23-nji oktýabrynda degişli Karara gol çekip, ýokarda görkezilen Toparyň düzümini we düzgünnamasyny tassyklady.
Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow sanly tehnologiýalar, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini dolandyrmak, sport we syýahatçylyk ulgamlary ýaly hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagy bilen baglylykda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň işiniň kämilleşdirilmegi we netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň derwaýys häsiýete eýe bolýandygyny belledi.
ÝUNESKO-nyň işiniň hususan-da bilim, ylym, medeniýet we kommunikasiýalar ýaly esasy ugurlary Türkmenistanda iri anyk taslamalar bilen baýlaşdyryldy. Türkmenistanyň bu Gurama bilen medeni hem-de tebigy baýlyklary gorap saklamak ulgamyndaky önjeýli hyzmatdaşlygyny aýratyn bellemek zerurdyr.
Häzirki wagtda özbaşyna iri medeni hem-de taryhy gymmatlyklaryň hataryna girýän üç sany iri taryhy-medeni goraghanalar – «Gadymy Merw» (1999ý.), Köneürgenjiň ýadygärlikleri (2005ý.), Nusaýyň parfiýa eýýamynyň galalary (2007ý.) UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Şol sanda «Görogly» şadessany (2015ý.), «Küştdepdi aýdym we tans dessury» (2017ý.), şeýle-de Türkmen milli halyçylyk sungaty (2020ý.) ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilendir. Milli gymmatlyklarymyzyň ençeme desgalaryny bu sanawa girizmek üçin hem badalga berildi.
Toparyň birinji mejlisinde oňa gatnaşyjylar 2021 – 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketler Meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylan taslamasyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar, şol sanda Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamanyň bu guramanyň sekretariaty tarapyndan hasaba alynmagynyň meselesine hem seredilip geçildi.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girizmek barada hödürnamany taýýarlamak boýunça işler tamamlanýar. Bu Tor – şäherleriň durnukly ösüşiniň hereketlendirijisi bolup çykyş edýän döredijilige, durmuş integrasiýasyna hem-de dünýäde medeniýetiň täsiriniň giňeldilmegine maýa goýmaga taýýar bolan şäherleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.
Şol sanda bu günki günde ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, halkymyzyň medeni hem-de ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň we türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, olary Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürnamany taýýarlamak boýunça degişli işler ýola goýuldy.
Häzirki wagtda Türkmenistanda ylym, bilim we medeniýet ugry boýunça halkara hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen bu ugurdaky hereketleriň işjeňleşdirilendigini nytgamak zerurdyr. Bu ugurda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek, Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek, Ýokary bilime degişli hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýalaryna goşulmagy bilen bagly meseleleriň üstünde hem degişli işler geçirilýär.
Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!