SIZDEN GELENLER

Ahalteke bedewleriň toýuna taýýarlyk

Dünýäniň atçylyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň biri hasaplanylýan eziz Diýarymyzda mähriban halkymyzyň milli baýlygy we buýsanjy bolan, tebigat bilen sazlaşykda dörän, gözelligiň, ajaýyp nusgasyny alamatlandyrýan naýbaşy bedewleri ösdürip ýetişdirmek hem-de seýislemek üçin ähli şertler döredildi. Şundan ugur alnyp, häzirki döwürde asylly bedew Türkmenistanyň ajaýyp nyşany — taryhy tejribäniň dowamatlylygynyň nusgasy, belent ýörelgeleriň dabaralanmagynyň, tutanýerli zähmetiň hem-de ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna güýç-gaýratly ymtylmagyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Ata-babalarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen mukaddes türkmen topragynda ýetişdirilen we ajaýyplygy, syratlylygy hem-de ýyndamlygy bilen şan-şöhrata eýe bolan behişdi bedewler halkymyzyň milli gymmatlygydyr we buýsanjydyr.

Döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek we ahalteke bedewleriniň tutuş dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär. Pudagy ylmy taýdan ösdürmek, bu ugurda amala aşyrylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmek, halkara bäsleşikleri geçirmek üçin niýetlenen döwrebap atçylyk sport toplumlaryny gurmak üçin ägirt uly maliýe serişdeleri bölünip berilýär.

Atçylyk pudagynyň okgunly ösdürilmegine goşmaça itergi bermäge, at çapyşyklarda, atly sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlarda, hususan-da, konkur we at üstündäki milli oýunlar boýunça bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmäge ukyply türgenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Şu maksat bilen Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň düzüminde ýörite okuw merkezi hem-de halkara ölçeglere gabat gelýän açyk we üsti ýapyk manežler guruldy.

Diýarymyzyň hem-de daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke bedewlerini ýetişdirmek boýunça amala aşyrýan asylly işlerine mynasyp baha berilýär. Olara “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary”, “Türkmenistanyň halk atşynasy” hem-de “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi” diýen hormatly atlar dakylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini hem bellemek gerek. Arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmäge, bu tohumy kämilleşdirmäge hem-de olaryň ajaýyp tohumçylyk häsiýetlerini ösdürmäge ýöriteleşdirilen, dürli ýurtlaryň atşynaslarynyň duşuşyklary hem-de özara gatnaşyklary üçin netijeli edara öwrülen bu guramanyň giň gerimli işi behişdi bedewleriň tutuş dünýäde şan-şöhratyny artdyrmaga ýardam edýär. Diýarymyzda guralýan ýörite sergiler we maslahatlar, ganatly bedewleriň gözellik bäsleşikleri hem şu maksada hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”,  “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” diýen ajaýyp eserlerinde türkmen halkynyň wepaly ýoldaşy bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň hem-de seýislemegiň nesilden-nesle geçirilip gelinýän özboluşly däpleri barada giňişleýin gürrüň berilýär. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy we ykbaly bedewler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ady rowaýata öwrülen atlaryň şan-şöhraty asyrlar aşyp, bu gün hem parasatly we gadymy halk hem-de onuň gahrymanlary barada bütin dünýä gürrüň berýär. Türkmenleriň halk döredijiliginde beýan edilen atyň keşbinde milli ruh, maksada okgunlylyk, gözellik, güýç-kuwwat hem-de dostluk, wepalylyk, gaýduwsyzlyk, adalatlylyk, ata Watana söýgi düşünjeleri jemlenendir.

Nurmuhammet Annamyradow,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/19-njy-aprel-yyldyzlar-name-diyyar-gundelik-taleynama/

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty