Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstümizdäki ýylda uly buýsanç bilen gadam basan täze zamanamyzyň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýyly bolan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly taryhy wakalar bilen gurşalýar.
Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda – gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda iňňän uly işler alnyp barylýar.
Bu aýdylanlara Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi aýdyň subutnama bolup durýar. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkezine «Arkadag şäheri» adynyň dakylmagy bilen bagly hoş habaryň aýdylmagy ähli tükrmen halkynyň şatlygyny has-da artdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de şäher gurluşygy we binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehini bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary we beýleki binalar gurlup ulanylmaga berilýär.
Bu ýerdäki möhüm desgalaryň mynasyp atlandyrylmagy bolsa, esasy wakalaryň biridir. Merkezdäki Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy we «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy» diýip atlandyrmagy, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, ýalkymly watançy, edermen esger, ilhalar ynsan, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylmagy we «Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi» diýip atlandyrmagy, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň adynyň dakylmagy we «Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi» diýip atlandyrmagy, Ahal atçylyk sirkine batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren, türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň adynyň dakylmagy we «Ahal welaýatynyň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki» diýip atlandyrmagy, welaýat kitaphanasyna türkmen halkynyň nusgawy akyldar şahyry, ynsanperwerlik, agzybirlik, adalatlylyk, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyran, nesillere ahlak gözelliginiň kämil nusgasyny miras galdyran, meşhur «Wagzy-Azat» eserini döreden Döwletmämmet Azadynyň adynyň dakylmagy we «Döwletmämmet Azady adyndaky Ahal welaýat kitaphanasy» diýip atlandyrmagy, drama teatryna türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur artist, režissýor hem dramaturg, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedowyň adyny dakmagy we «Ahal welaýatynyň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry» diýip atlandyrmagy, täze şäheriň ýörite sungat mekdebiniň «Sahy Jepbarow adyndaky Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi» diýlip atlandyrylmagy, çagalar sungat mekdebine hem Şükür bagşynyň adynyň dakylmagy ýurdumyzda halypalara goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
Amangeldi Hojamberdiýew,
TOHU-nyň mugallymy.