JEMGYÝET

Ahal welaýatynyň baş metjidi bilen birlikde okuw medresesi gurlar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, alnyp barylýan işleriň depgini hem-de Ahal welaýatynyň merkezinde guruljak baş metjidiň taslamalary bilen tanyşdy.

Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Halk Maslahatynyň Başlygyna merkeziň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze metjidiň binasy, onuň bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly taslamalar hem-de täze metjidiň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary, şol sanda onuň içki bezeginiň dürli görnüşleriniň we metjidiň ýanynda gurulmagy meýilleşdirilýän sadaka jaýynyň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygyna metjidiň tehniki häsiýetnamalary, eýelejek meýdany, reňk öwüşginleri baradaky, şonuň ýaly-da, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy boýunça geçiriljek işlere degişli maglumatlardyr görkezijiler barada habar berildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy welaýatlaryň baş metjitleriniň ilki Mary welaýatynda gurlandygyny aýdyp, bu asylly işleriň ýurdumyzyň ähli sebitlerinde netijeli dowam etdirilendigini nygtady. Bellenilişi ýaly, ajaýyp binalaryň hatarynda Daşoguz welaýatynda häzirki zamanyň ruhuna we milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelýän kaşaň metjit guruldy. Soňra metjit gurmak işi Lebap welaýatynda dowam etdi. Türkmenabat şäheriniň merkezinde gurlan baş metjit şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Balkan welaýatynyň merkezinde-de milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmagynda bina edilen baş metjit ulanmaga berildi. Ine, bu gün bolsa Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde welaýatyň baş metjidiniň gurluşygyna badalga bermek işlerine taýýarlyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň merkezinde baş metjidiň düýbüni tutup, onuň gurluşygyna badalga berilmegine ýakyn wagtda girişilmeginiň, ähli halkymyzyň bu ajaýyp waka gatnaşmagynyň hem-de şu mynasybetli sadaka bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy yslam dünýäsinde metjidiň mährabynyň Käbä tarap bakdyrylýandygyny aýdyp, mukaddes binanyň gurluşygyna sähetli gün badalga berilmeginiň we bu işlere Käbä tarap bakyp başlanmagynyň göwnemakul boljakdygyny belledi. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy metjidiň ýanynda sadaka jaýy bilen birlikde okuw medresesiniň gurulmagynyň hem maksadalaýyk boljakdygyny ýene-de bir gezek aýdyp, binalaryň gurluşygyny sazlaşykly alyp barmak barada birnäçe maslahatlaryny berdi.

Ýene-de okaň

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi