JEMGYÝET

Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi gurlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, ýurdumyzda berk bedenli, sagdyn, bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligine Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Myradym” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2021-nji ýylyň maý aýynda başlamak we çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini 2022-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bu barada hasabat berildi. Şol hasabatda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap dolandyryş merkezinde çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak maksady bilen, Gurluşyk we binagärlik ministrligi bu ugurda uly tejribesi bolan ýerli kärhanalaryň gatnaşmagynda bäsleşik geçirdi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Myradym” hususy kärhanasy bäsleşigiň ýeňijisi boldy.

Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalaryny kesgitlemek baradaky pudagara topar tarapyndan agzalan desganyň taslamalaryna hem-de hödürlenen baha tekliplerine seljerme işleri geçirildi.

Ildeşimiz Ýagşymuradow bu gezek ýeňip bilmedi

Ýene-de okaň

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi