SPORT

“Ahal” topary AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasyna gatnaşar

Ýurdumyzyň “Ahal” futbol topary myhmançylykda Täjigistanyň “Regar Tadaz” kluby bilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda bu çempionatyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik almak üçin aýgytly duşuşyk geçirdi. Duşuşyk “Ahal” futbol toparynyň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy.

Duşuşyk ilkinji minutlardan garşylyklaýyn hüjümlere we derwezä dürs ýerine ýetirilen urgulara baý boldy. Hasaby 62-nji minutda “Ahalyň” düzüminden Bagtyýar Gürgenow açdy. Jogap goluny girizmekde garşydaş topar uzak eglenmedi. 64-nji minutda Dawid Atsam uzak aralykdan dürs urgy bilen gol geçirdi. (1:1) “Ahala” ýeňiş getiren goly 82-nji minutda Hakmuhammet Bäşimowyň ussatlyk bilen geçiren pasyna Süleýman Mirzoýew geçirdi.

Şeýlelik bilen, “Ahal” topary AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga ýollanma aldy. Ýaryşyň bije çekilişigi 15-nji awgustda geçiriler.

Bu çempionata “Ahal” futbol topary bilen bilelikde “Arkadag” topary hem ýurdumyza wekilçilik edýär.

Täjigistanyň Tursunzade şäherindäki merkezi “TALKO-Arena” stadionynda geçen duşuşykda “Ahal” futbol toparyna öz öýünde 2:1 ýeňilen Täjigistanyň “Regar Tadaz” kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik aldy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady