Agyz kimiňki?

Agzymyz öwrenişipdir, agzy bolan gürleýär diýmäge. Bolmanda-da agzy bolan geplemeli dälmi, eýsem?!

Ýöne gepleýän agyz bar, geplemeýän agyz. Öňi bilen şony bilmeli. Aslynda “agyz” sözi adalga hökmünde kime degişlikä?! Onuň kime degişlidigini nädip bilmeli? Sorap görmeli, kim näme diýjek, kim oňa ýakyn durup eýe çykjak?!

Anatomiýaçylar biziňki diýýärler, dilçiler we dialektologlar-da biziňki diýýärler. Geografiýaçylar-da aýlagyň agzynda duşulaly, şonda bilersiň kimiňkidigini diýýärler. Zoologiýaçylar edil beýle-de bolmaz, biz hem haýwanlarymyzy agyzsyz goýmarys diýýärler… Şeýlelikde agyz meselesi agyz dawasyna öwrülip başlaýar. Muny dawa öwürmän süýji sözler bilen dowam edeliň.

Zoologiýa we anatomiýa hünärmenlerinden rugsat alyp, “at” we “agyz” sözlerini biri-birine baglalyň. At + agyz” = atagyz (atagzy). Şeýlelikde, dilçi, zoologiýaçy we anatomiýaçy “atagyz” (atagzy) şertnamasy bilen özara ylalaşdylar. Munuň netijesine täze guraly-abzaly (atagzyny) ulanýan dördünji hünärmen şaýatlyk etdi.

Türkmen dili söz döretmeklige diýseň ukyply dildir. Içki önümlerine görä sözlük hazynasyny baýlaşdyrmagy başarýan dilleriň biridir. Muňa dilçini, zoologiýaçyny, anatomiýaçyny, gurluşykçy ussany şaýat tutup bilýän “atagzy” sözüniň nusgasyndan hem göz ýetirmek bolýar.

Başga bir mysal alalyň. Ynha, “içýan” sözi, ony hem ýokardaky ýaly “agyz” sözi bilen ylalaşdyralyň: içýan + agyz = içýanagyz. Türkmen gelin-gyzlarynyň çeper ellerinden çykan “içýanagyz”. Syn edip, sygyryp oturybermeli türkmen nagşy. Bu nagyş tutuşlygyna alanyňda, tebigat bilen ynsanyň özara baglanyşygyny sünnäleýän sungat sergisini ýatladýar. Sowgat ýerine edil telpek goýaýmaly. Içýanagyz sözüniň ikinji manysy bolsa çagalarynyň oýunlaryndan biriniň adydyr.

Bu gezek bir sözleme salgylanalyň. “Agaç ata mündürseler, gelmez ýola gönderseler” diýen sözlemdäki birinji sözleriň ylmylyk we göçmelik güýjüni (SYGG) öwreneliň: dil + botanika + zoologiýa + din: netijesi = agaç + at = agaç at = tabyt;  ikinji sözleriň ylmylyk we göçmelik güýjüni (SYGG) öwreneliň: dil + mifologiýa + ulag-aragatnaşyk + din: gelmez + ýol = gelmez ýol = mazar (gabyr, gonamçylyk).

Görnüşi ýaly, dilimizdäki her bir sözüň özüne mahsus ylmy baglanyşygynyň ýanynda ylmy güýji-de bardyr. Türkmen diliniň sözlük hazynasyndaky sözleriň köpüsi hususy adalga hökmünde hyzmatyny berjaý etmek bilen birlikde, ýörite ylmy agyrlygy-da götermegiň hötdesinden gelýärler.

Eýsem bu güýjüň çeşmesi nireden gelýärkä, ýogsa oňa bu güýji adalga berýärmikä? Bu güýç sözüň many gatanjyndan, düşünje, garaýyş girdejisinden emele gelýär. Adalga bir atdyr, konkret ýa-da abstrakt düşünjäniň adydyr. Bu at (adalga) sözleriň atlaryny öz wagtynda dürli pudaklara paýlap bilýän hat-petek gatnadyjynyň wezipesini berjaý edýäne çalymdaşdyr. Sözleriň ylmylyk güýji, başgaça aýdylanda, adalganyň dürli pudaklara paýlan atlardaky many agyrlygyny ýene özüne çekip bilme güýjüdir.

Fizikaçylar “haýsydyr bir jisimiň başga bir jisimi özüne tarap çekme güýjüne çekim(dartym)” diýýän bolsa, biz-de şertli ýagdaýda diliň, dil biliminiň başga bir ylmy çekmegini sözüň ylmy güýji diýip atlandyrýarys. Şeýlelikde, ölçemekçi bolýan zadymyz sözüň ylmy agyrlygydyr.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi

2026;Hepdelik täleýnama (02-nji -08-nji mart)

05-nji Mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Özbegistan bilen Lebap welaýaty senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ýapon dili boýunça okuw sapagy geçirildi

Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

Türkmen diplomaty rumyn uniwersiteti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

04-nji Mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

03-nji Mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi