Ýazyjy Agadurdy Akmyradow 1958-nji ýylda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Goýunjy obasynda eneden doguldy. Ol şol ýerdäki 17-nji orta mekdebi tamamlandan soň, Ýekaterinburg şäheriniň M.Gorkiý adyndaky Ural döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetine okuwa girdi we ony 1982-nji ýylda üstünlikli tamamlady. Özüniň döredijilik ýoluna şol wagtky «Sowet Türkmenistany» gazetinde başlan A.Akmyradow «Ýaş kommunist» gazetinde, «Ýaşlyk» we «Diýar» žurnallarynda dürli wezipelerde işläp, kämillige gol berdi. Onuň ýazan çeper-publisistik eserleri, çagalar we ulular üçin döreden goşgulary, hekaýalarydyr powestleri, poemalary türkmen okyjysyna giňden meşhurdyr. Ýazyjynyň 2004-2006-njy ýyllarda“Türkmenistan” teleýaýlymy, Baş habarlar bölüminiň başlygy wezipesinde, 2006-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi, Halkara medeni aragatnaşyklar bölüminiň başlygy wezipesinde işlemegi, şeýle hem „Altyn Asyr: Türkmenistan“ teleýaýlymynda „Älem syrlary“ atly gepleşiginiň alyp baryjysy hökmünde çykyş etmegi oňa dünýä halklarynyň medeniýetini we ýaşaýşyny oňat bilmäge, tükeniksiz älemiň gizlin syrlaryna aralaşmaga, onuň kanunalaýyklaryna çuň düşünmäge mümkinçilik berdi.
A.Akmyradow «Şadyýan düýş», «Garlawaçlar baharda dolanýarlar», «Ikiçäk» atly goşgular kitaplarynyň, şeýle hem «Pilküş» atly hekaýalar ýygyndysynyň awtorydyr. Köp ýyllap metbugat ulgamynda zähmet çeken Agadurdy Akmyradow 2023-nji ýylyň awgust aýynda aradan çykdy.
Meň ýüregim dursa begenjekler bar!
Üstünlik — ýeňşime emenjekler bar!
Bilip goýuň köp zatlar bar başga-da
Bar ýanymda gowgalarmy bölüşjek,
Mertebämi saklap biljek maşgalam.
Ýykylamda söýget bolan dostlam bar.
Ýykylanda söýget bolan dostlam bar.
Urup dursa ýürek begenjekler bar.
Bilip bolmaz, bir döw çalaýsa maňa,
Yzymy yzlajak doganjyklam bar.
Naçarlam bar meni ýatlap aglajak
Pes pälim bar pis pygyly baglajak.
Hemem ýetim galjak oglanjyklam bar.
Barlyklaryň sanyn artdyrmak mümkin.
Ýöne besdir, sözüm tamam edeýin.
Eý, sen şolar bilen gyzykly dünýä,
Seni taşlap ýeri, nirä gideýin?!