BIZNES

Adem Kula: maýa goýumlar türki dünýäsiniň ösüşiniň açarydyr

Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum öz işine başlady. Bu forum ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Oňa dünýäniň ençeme ýurtlaryndan wekilleri gatnaşýar. Forumyň çäklerinde geçirilen plenar mejlisde çykyş eden Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň baş sekretary Adem Kula türki döwletleriniň ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda maý goýumlaryna möhüm orun degişlidigini belledi.

Guramanyň söwda-senagat edaralarynyň işiniň çäklerinde 2025-nji ýylyň iş meýilnamasynyň kabul edilip, onda söwda amallaryny ýeňilleşdirmegiň göz öňünde tutulandygyny bellän Adem Kula munuň guramanyň döwletleriniň arasynda söwda gatnaşyklarynyň bökdençsiz ýöredilmegine ýardam etjekdigini aýtdy.

Türki maýa goýum forumynyň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellän Adem Kula munuň türki döwletleriň maýadarlarynyň hem-de telekeçileriniň arasynda gönüden-göni gatnaşyklary gurnamak üçin möhüm meýdança öwrüljekdigini nygtady.

Adem Kula Türkmenistana maýa goýýan kompaniýalaryň artykmaçlyga eýe bolbandygyny aýdyp, Türki döwletleriň söwda-senagat edaralaryna agza döwletleri Türkmenistanda maýa goýum taslamalaryny özleşdirmäge çagyrdy.

Şeýle hem ol ulag geçelgelerini, hususan-da Gündogar-Günbatar we TransHazar geçelgesini ösdürmegiň wajypdygyny belledi.

Adem Kula TransHazar geçelgesini döretmek üçin bilelikde iş alyp barmagyň zerurdygyny belläp, munuň Türkmenistana energiýa serişdelerini Ýewropa bazaryna eksport etmäge we sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklara pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini aýtdy.

Ýene-de okaň

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder

Hytaý Türkmenistanyň hususy pudagy bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

ÝTÖB Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalaryna goldawy giňeltmäge taýýar

Aziýa Ösüş Banky Türkmenstanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna goldaw berer

Aşgabatda IFT 2026 atly halkara forum geçirilýär