JEMGYÝET

Adam eli degmedik meýdanlar

ABŞ-nyň Milli geografiki jemgyýeti we Kaliforniýa uniwersiteti tarapyndan geçirilen gözleglere görä, planetamyzdaky buzsyz topraklaryň ýarysyna golaýynyň adam eliniň degmändigi habar berilýär.

“Science Daily”-iň habaryna görä ABŞ-nyň Milli geografiki jemgyýeti we Kaliforniýa uniwersiteti tarapyndan geçirilen gözleg, adamzat tebigat ugrunda peýdaly işleri bitirip, aýgytly hereket etse, Ýer togalagynyň takmynan ýarysynyň ellenilmän saklanyp bilinjekdigini ýüze çykardy.

Gözlegleriň çäginde, “Global Change Biology” žurnalynda çap edilen, ýaňy-ýakynda peýda bolan we tebigy topraklaryň antropogen topraklara öwrülmegini açyp görkezýän dört sany global karta bilen deňeşdirildi.

Ýeriň takmynan 15 göterimi we ummanlaryň 10 göterimi häzirki wagtda giň gerimde goralýar. Ýene-de bellemeli zatlaryň biri käbir daşky gurşawy goramak boýunça iş alyp barýan guramalary, dünýä döwletleriniň hökümetlerini 2050-nji ýyla çenli ýeriň we ummanlaryň goralýan bölegini 50 göterime çenli ýokarlandyrmak ugrunda tagalla etmäge çagyrýarlar.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri