JEMGYÝET

Adam atlarynyň manysy

 Hormatly okyjylarymyz!

‘’Atavatan Türkmenistan’’ halkara žurnalynyň www.atavatan-türkmenistan.com internet saýty özüniň täze taslamasyny durmuşa geçirmäge başlaýar. Ol hem adam atlarynyň manysynyň düşündirilişidir. Öz adynyň manysy bilmek isleýän okyjylarymyz saýtymyzy yzygiderli yzarlan halatynda bu barada maglumat alyp biler.

Umuman, siz hem özüňiziň hem-de ýakynlaryňyzyň adynyň manysy bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda  www.atavatan-türkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.

Her bir adamyň durmuşynda at esasy orun eýeleýär. Adamlara dakylýan atlar halkyň geçmişi we şu günki güne çenli gazanan zähmetiniň netijesinde emele gelipdir. Adam atlaryny öwrenýän ylma ANTROPONIMIKA diýilýär. Biz özümiziň bu işimizde S.Atanyýazowyň ‘’Türkmen adam atlarynyň düşündirişli sözlügi’’ atly kitapdan we internet maglumatlaryndan peýdalandyk. Bu taslamamymyz durmuşa geçirmäge Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň talyby Oguldursun Ugurlyýewa bize ýakyndan ýardam edýär.

Siz saýtymyzyň ‘’Adam atlarynyň manysynyň düşündirilişi’’ atly sahypasyna girip gündelik adam atlarynyň manysyny okap bilersiňiz! Bu size adam atlarynyň manysyna has hem gowy düşünmeklige we ýaş ene-atalaryň perzendine manysyna görä at saýlamagyna ýakyndan ýardam berer.   

 Oglan atlary:

  1. Aba- bu at esasanam garry atanyň ady goýlanda dakylýar. Manysy ‘’Kakanyň kakasy’’ diýmek. Maşgalada aýrylan ýaşuly adamlaryň ady dakylanda oňa hormat hökmünde gönüden-göni ady däl-de  garyndaşlyk  adalgasy ulanylypdyr. Ol soňra şol çaganyň resmi ady bolupdyr.
  2. Abdal– bu at gadymy abdal taýpasynyň ady bilen baglanyşykly. Manysy ,,Örän gowy, ajaýyp’’ diýmek.
  3. Abdyjelil- bu at ,,Abdy’’ we ,,Jelil’’  atly arap sözleriniň goşulşmagynda emele gelen. Manysy ,,Allanyň guly’’ diýmek.
  4. Abdykaýum- bu at ,,Abdy’’ we ,,Kaýum’’ sözleriniň goşulşmagynda emele gelen. Manysy ,,Bakynyň guly’’ diýmek.
  5. Abdylweli- bu at ,,Abdyl’’ we ,,Weli’’ sözlerinden emele gelen. Manysy ,,Akyllynyň, dananyň, weliniň guly’’.
  6. Abdylgapbar- bu at ,,Abdyl’’ we ,,gapbar’’ sözlerinden emele gelen. Manysy ,,Geçirimliniň guly’’ diýmek.
  7. Abdyleziz- bu at ,,Abdyl’’ we ,,Eziz’’ sözlerinden emele gelen. Manysy ,,Eziziň, mähribanyň guly’’ diýmek.

 Gyz atlary

  1. Abadan– bu at dakylanda çaganyň asuda durmuşda ýaşamagy göz öňünde tutulypdyr. Manysy ,,Abadanlyk’’, ,,Abatlyk’’ , ,,Bagtlylyk’’ diýmek.
  2. Abadangözel– bu at dünýä inen çaganyň durmuşy abadan we owadan bolagy niýet edilip dakylypdyr.
  3. Abat- bu at dünýä inen gyz çaganyň bir kemsiz sagdyn bolmagy, şeýle hem durmuşynyň abat bolmagy üçin dakylypdyr.

«Ýekegowak» dünýä syýahatçylygynyň üns merkezinde

 

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi