21-nji asyr ösüşleriň, özgerişleriň, täzelikleriň, tehnologiýalaryň asyry boldy. Bu asyrda tehnologiýalar görlüp- eşidilmedik derejede ösdi. Olaryň aýratynlygy bolsa, häzirki zaman ösen islegli adamzadyň ösüş aýratynlyklary bilen bap gelmegi sazlaşykly ýagdaýy kemala getirýär. Material dünýäni adamyň öwrenmegi ilkidurmuş jemgyýetinden başlanypdy. Ilkinji synpy jemgyýetde Gadymy Gündogarda tebigatyň hadysalary baradaky bilimler toplanypdyr. Ylmy açyşlara mysal edip Ewklidiň geomteriýasyny, Arhimediň hasabyýet barlaglaryny, Gipparhyň we Ptolomeýiň astronomiýa degişli işlerini, araplaryň algebrasyny görkezmek bolýar. Elbetde taryhda açylan açyşlar, görkezilen maglumatlar kä halatlarda üýtgäp hem biler. Emma aslynda , esasda bolsa şol maglumatlara delil bardygy bu görnüşdäki açyşlarda ýokary hilli netije gazanmaga mümkinçilikler berýär. Täze eýýamyň ikinji müňýyllygynda häli ylmyň ösüşi ösen döwletlerde hem ýokary däldi. Köp hadysalar baradaky bilimler takyk bolmandyr. Baryp gadym zamanlarda astronomiýany öwrenijiler we olary yzarlaýjy alymlar topra, ýagny olaryň işleri bilen gyzyklanyp, gözegçilik edýän ýörüte toparlaryň bolmagy , astornomiýa ylmyna has güýçli üns berilmegini talap edipdir. Hanlar , patyşalar öz ýanlarynda müneçjimleri , astronimlary saklamak bilen dünýäniň müňlerçe ýyldyzlaryndan, bolup geçýän tebigy hadysalardan habar almak isläpdirler. Şeýlelikde, açyşlar hilimi- şindi ýola goýulypdyr. Hat- da Alyşir Nowaýy taryhy maglumatlara görä, birnäçe ýyllap, Seljuk soltanlygynda zähmet çekipdir. Ol ýerde astronomiýa, ýyldyzlar ylmy, seljuk soltanlygyň kartay ýaly ylmy açyşlar bilen ýurduň abraýyny ýokary götermäge çalşypdyrlar. Jisimleriň hereketi baradaky kanunlary bilmändirler, nähili ýagdaýda adamyň eli bilen zyňylan daş uçýarka diýip oýlanypdyrlar. XVI – XVII asyrlarda tebigy bilimiň ösüşinde uly öwrülişi bolup geçýär. Günbatar Ýewropada iri ýer eýeçilik- ybadathana dünýägaraýşyna we sholastika bilen göreşde, material dünýäni öwrenmegiň täze usullary öwrenilip başlanýar.Elbetde munuň özi ynsan tebigatynyň nämä ýakyndygyny,haýsy jisimler bilen galtaşma ukybynyň bardygyny subut etmäge we beýleki açyşlary etmäge hem uly mümkinçilikler açýar. Ylmy pikirler ösüp, giňelip biziň günlerimize çenli ylmyň ösüşine itergi berip gelýärler. Jemgyýetiň kanunalaýyklyklarynyň ösüşi örän çylşyrymly. Tebigaty öwrenmekde täze eýýamyň başlanmagy öndüriji güýçlerini düzýär. Munuň özi bolsa,ynsan bilen açyşlaryň tebigatyndaky arabaglanşygyň arasyndaky sazlaşykalry öwrenmekdir.
Ogulbagt Garryýewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Nebit we gaz fakultetiniň
“Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi” hünäriniň talyby.
