BILIM

Açyk gapylar:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2022 —2023-nji okuw    ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2022-nji ýylyň 26-njy martynda, 16-njy aprelinde we 14-nji maýynda «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

Bu günlerde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler, şeýle-de  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti barada maglumatlary wwwtohu.edu.tm web saýtyndan hem görüp bilersiňiz.

«Açyk gapylar» günleri görkezilen salgylarda sagat 9:00-da başlanýar.
Aşgabat şäheriniň, Ahal we Balkan welaýatlarynyň ýaşlary üçin: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde. Salgysy:Aş­gabat ş., 2009 (Görogly) köçesiniň 143-nji jaýy. Telefonlary: 34-07-77; 34-25-64; 34-27-09.

Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin: Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda. Salgysy: Daşoguz ş., Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Telefonlary: 800322-9-33-92; 800322-9-40-68.

Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin: Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde.Salgysy: Türkmenabat ş., Zelili köçesiniň 1-nji
“A” jaýy. Telefonlary: 800422-9-89-56; 800422-9-87-71; 800422-9-88-12.

Mary welaýatynyň ýaşlary üçin: Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Baýramaly ş., Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy. Telefonlary: 800564-6-00-83;
800564-6-07-84; 800522-6-30-82.

Hoş geldiňiz!

ŞHG-niň synçylar topary: saýlawlar aç-açanlykda geçirildi

Ýene-de okaň

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler