BILIM

“Açyk gapylar”:Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
2022 — 2023-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine
okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 6-njy
maýynda sagat 15:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň uniwersitetde durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, öwredilýän hünärler, okuwlaryň guralyşy, döwrebap tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylan okuw we
kompýuter otaglary, talyplaryň ylmy we medeni gurnaklary, aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşy, talyplaryň sport bilen meşgullanyşy, dil öwreniş bölüminiň işleri, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri bilen ýakyndan tanşyp bilerler.«Açyk gapylar» gününe ýurdumyzyň erjel we okuwa höwesli ýaşlaryny çagyrýarys!

  

                           Biziň salgymyz: Aşgabat şäheriniň 1958-nji                                                    (Andalyp köçe) 169-njy jaýy                          Habarlaşmak üçin telefon belgileri:39-85-42;               39-85-13; 39-85-40; 39-85-43; 39-85-28; 39-85-29 

“Açyk gapylar”: Türkmen döwlet maliýe instituty

Ýene-de okaň

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler