BILIM

«Açyk gapylar»: Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi 2022 – 2023-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta mekdepleriň okuwçylaryny, harby bölümleriň esgerlerini, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlary 2022-nji ýylyň 16-njy maýynda sagat 14:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar. Bu barada “Mugallymlar gazeti” neşirinde degişli bildiriş çap edildi.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar orta hünär okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de medeniýetli dynç almak üçin döredilen şertler barada giňişleýin maglumat berler.

«Açyk gapylar» güni Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde geçiriler.

Salgysy: Aşgabat şäheri, Galkynyş köçesiniň 66-njy jaýy.

Telefon belgisi: 22-16-99; 22-33-89.

 

Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatyna okuwa kabul edişlik

 

Ýene-de okaň

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy