MEDENIÝET

Abu-Dabide bütindünýä media kongresi geçirilýär

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde 2-nji Bütindünýä media kongresi öz işine başlady. Media ulgamyndaky iri halkara forum BAE-niň wise-prezidenti we Premýer-ministriň orunbasary Mansur ben Zaid Al-Nahaýýanyň howandarlygynda geçirilýär. Onuň guramaçylary hökmünde Abu-Dabiniň “ADNEC” milli sergi kompaniýasy bilen emirligiň WAM habar gullugy çykyş etdi.

Bu foruma 172 döwletden 257 media kompaniýanyň wekilleri gatnaşýar. Uman, kongrese 5 müň wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar. Onuň dowamynda maglumat neşirleri boýunça halkara sergi geçiriler.

Forumda media ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek babatda sanly aragatnaşyk tilsimatlarynyň ulanylmagy, döwrebap tehnologiýalaryň peýdalanmagy babatda pikir alşylar. Maslahat 170-den gowrak media ulgamynyň wekilleri çykyş ederler.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy