BILIM

ABŞ Türkmenistanyň bilim başlangyçlaryny goldamaga taýýar

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Elizabet Rud bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar bilim ulgamynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda okuw maksatnamalaryny ösdürmek, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda amala aşyrylýan tagallalary dowam etdirmegiň ähmiýeti barada nygtaldy.

Türkmen tarapy «2025 ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hökmünde aýratyn ähmiýete eýedigini, şeýle-de onuň Türkmenistanyň BMG Baş Assambleýasynyň kararnamalary bilen berkidilen Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belledi. Şu nukdaýnazardan, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bilim we medeni hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň ösdürilmegi möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.

ABŞ-nyň ilçisi hanym Rud bilim başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny we täze okuw usullaryny ornaşdyrmak, iňlis dilini okatmagyň usulyýetini ösdürmek hem-de talyplardyr mugallymlar üçin täze mümkinçilikleri döretmek maksady bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ähmiýetlidigini belledi.

Taraplar bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek hem-de hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça özara gyzyklanmalaryny tassykladylar, bu bolsa adam maýasyny ösdürmäge we iki ýurduň arasyndaky akademiki gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hyzmat etjekdigi nygtaldy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Lomonosow—2026» halkara forumyna badalga berildi

Iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçirilýär

“Makul Dil Gollanmasy” Amerikan Kongres kitaphanasynyň katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Aşgabatda III Halkara matematika olimpiadasy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekilleri Hindistanda halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar