Ozal hem habar berşimiz ýaly, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Metýu Klimow diplomatik wezipesini tamamlap, öz ýurduna dolandy. ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistana täze ilçi hökmünde Elizabet Rud bellendi.
ABŞ-nyň Prezidenti Josef Baýden tarapyndan Elizabet Rud ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine 2022-nji ýylyň awgustynda bellendi. 2023-nji ýylda Elizabet Rudyň dalaşgärligi ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan tassyklandy.
Şeýlelikde, ABŞ-nyň döwlet departamentinde, ýagny Daşary işler ministrliginde Elizabet Rudyň kasma kabul ediş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň jemgyýetçilik torunda hem habar berlişine görä, kasam kabul ediş dabarasyna Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Meret Orazow hem gatnaşdy.
Türkmen tarapynyň ilçi Elizabet Rud bilen Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak ugrunda netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny bellenildi.
Elizabet Rud ABŞ-nyň tejribeli diplomatlarynyň biridir. Ozal, ol ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasynda ilçiniň orunbasary bolup işledi. Şeýle hem ol ABŞ-nyň dürli ýurtlardaky ilçihanalarynda zähmet çekdi.
Rud ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynyň Keri şäherinde dünýä indi. Ol Merilend uniwersitetiniň magistri, bakalawr bilimini bolsa, ynsanperwer ylymlary ugrundan aldy. Elizabet Rud rus, fransuz, nemes, puştu, dari we grzuin dillerini bilýär.
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. 2019-njy ýyldan bäri ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesini Metýu Klimow alyp bardy.