DÜNÝÄ

ABŞ-nyň Senaty Türkmenistana bellenen ilçiniň dalaşgärligine sereder

ABŞ-nyň Senaty ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy tarapyndan dürli wezipelerine hödürlenen dalaşgärlere sereder. Şol dalaşgärleriň arasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine hödürlenen, ýurduň diplomatik gullugynyň tejribeli wekili Elizabet Rud hem bar.

Mälim bolşy ýaly, Elizabet Rud ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden tarapyndan 2022-nji ýylyň awgustynda bu wezipä dalaşgär hökmünde görkezildi.

Amerikanyň ilçileri Ak Tamyň administrasiýays tarapyndan bellenýär, olaryň dalaşgärligi ABŞ-nyň Senaty tarapyndan tassyklanýar.

Elizabet Rud häzirki wagtda ABŞ-nyň Russiýadaky wagtlaýyn işleri ynanylan wekili wezipesini alyp barýar. Ol mundan ozal, Gruziýada ABŞ-nyň ilçihanasynda ilçiniň orunbasary bolup işledi.

Şeýle hem ABŞ-nyň Owganystandaky ilçihanasynyň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi bolup işledi. Şeýle hem tejribeli diplomat Pakistanda hem iş alyp bardy.

Elizabet Rud Merilend uniwersitetiniň magistri derejesiniň eýesidir we ol sungat ugyr boýunça bakalawr bilimini aldy. Ol fransuz, rus, nemes, puştu, dari we gruzin dillerini bilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar