SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ABŞ-nyň sanjymy ýylyň ahyryna taýýar bolar

Amerikanyň koronawirus sanjymy 2020-nji ýylyň ahyryna çenli taýýar bolar. Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trump Demirgazyk Karolina ştatynda eden çykyşynda belläp geçdi.

Trump degişli synaglardan we barlaglardan soň derrew amerikalylara berilmegi üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň köp mukdarda sanjym öndürjekdigini ýene-de bir gezek belläp geçdi. Mundan başga-da, bu sanjymyň dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky adamlar üçin hem elýeterli boljakdygy mälim edildi. 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli 300 million töweregi sanjym taýýarlamak we ýaýratmak göz öňünde tutulýar.

ABŞ-nyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Azyk we derman serişdeleri müdirligi (FDA) koronawirus sanjymynyň täze tapgyryny başlamak üçin rugsatnama berdi. Kliniki synaglara 30 müňe golaý adam gatnaşar.

“Moderna” biotehnologiýa kompaniýasy bu sanjymlaryň synagynyň üçünji tapgyryny geçirer. Ozalky tapgyrlardan oňat netijeler gazanan kompaniýa bu ugurdaky işlerini dowam etdirýär.

ABŞ-nyň Kongresi sanjymlary taýýarlamak maksatnamasy üçin 10 milliard dollar bölüp berdi: “Geljek ýyl ulanylmaga taýyn bolar ýaly, güýz aýyna çenli ýüzlerçe million möçberde sanjymlar taýýar ediler” – diýip, ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýkl Pens hem Maýami uniwersitetiniň lukmançylyk merkezi tarapyndan gurnalan maslahatda eden çykyşyndan belläp geçdi.

Şeýle hem Oksford uniwersitetiniň lukman alymlary hem koronawirusa garşy sanjymy synagdan geçirmek babatda ilkinji oňyn netijeleri aldy. Sanjymlaryň üçünji tapgyry hem netijeli bolan halatynda güýz aýlarynda sanjymlary taýýar etmek işine girişiler

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy

ABŞ wizasynda täzelik : Bond howa menzilleriň sany artdy

Türkmenistandaky resmi syýahatçylyk kärhanalarynyň sanawy

Özbegistan ABŞ bilen wiza düzgünini ýönekeýleşdirmek boýunça gepleşikleri alyp barýar

Türkiýe : Syýahatçylyk wizasy üçin zerur resminamalar