DÜNÝÄ

ABŞ-nyň Prezidenti täze “Gold Card” wiza programmasyny girizdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald J. Tramp täze Prezidentlik Buýrugyna gol çekip, “Gold Card” ady bilen täze wiza programmasyny yglan etdi.

Resmi beýannamada bellenilişine görä, täze syýasatyň maksady bolsa, daşary ýurtlardan diňe ýurduň ykdysadyýetine we milli bähbitlerine peýda getirip biljek adamlary kabul etmekdir.

Gold Card näme?

Täze programma boýunça, daşary ýurtly şahsyýet ýa-da kompaniýa ABŞ-a maliýe kömegi hökmünde sowgat görnüşinde serişdeler geçirende, çaltlandyrylan proses arkaly immigrant wizasy almaga mümkinçilik gazanar.

  • Şahsyýet üçin gerekli möçber – 1 million dollar
  • Korporasiýa ýa-da ş.m. gurama tarapyndan hemavatkqrlik edilende – 2 million dollar

Amala aşyrylyşy

  • Programma ABŞ-nyň Söwda departamenti tarapyndan gözegçilikde alnyp barylýar.
  • Tölegler Gazna departamentinde ýörite gaznada toplanyp, Amerikanyň senagatyny we söwdasyny ösdürmek üçin ulanylar.
  • Döwlet, Söwda we Içeri işler sekretarlary 90 gün içinde programma doly ornaşdyrmaga borçly.

Netije

“Gold Card” programmasy daşary ýurtly telekeçiler we maýadarlar üçin täze mümkinçilik döredýär. Şeýle-de bu programma arkaly ABŞ, ýurduň ykdysadyýetine gönüden-göni goşant goşjak daşary ýurtly işewürlere wizany çaltlandyrylan tertipde bermegi göz öňünde tutýar.

Ýene-de okaň

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk