BILIM

ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti Marçello Fantoniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda myhmana ýokary okuw mekdebiniň taryhy, gurluşy, halkara hyzmatdaşlygy we ylmy işleri barada giňişleýin maglumat berildi.

Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti öz gezeginde ýokary okuw mekdebinde mähirli garşylanandygy üçin iň gowy arzuwlaryny we minnetdarlygyny bildirdi. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara peýdaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini aýtdy. Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti, degişli ugurlar boýunça Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi we bu ugurda zerur çäreleriň görüljekdigini belläp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Kent döwlet uniwersiteti we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu Ähtnama bilelikdäki ylmy-barlag işlerini, bilim maksatnamalaryny, talyp alyş-çalyşlary we hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryny göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

TOHU-da «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi?» atly açyk sapak geçirildi

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi