DÜNÝÄ

ABŞ-nyň ilçisi: ABŞ-nyň işewürleri üçin Türkmenistanda giň mümkinçilikler bar

Şu gün ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Metýu Stiwen Klimow köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin brifing geçirdi. ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölüminde geçirilen brifinge “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem çagyryldy.

Metbugat brifinginde türkmen-amerikan gatnaşyklary hem-de ABŞ-nyň daşary işleri ministri Entoni Blinkeniň gatnaşmagynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «С5+1» formatynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygynyň jemleri boýunça maglumat berildi.

ABŞ-nyň ilçisi döwlet sekretary Entoni Blinkeniň başlangyjy boýunça geçirilen bu duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministriniň hem gatnaşandygy, duşuşykda hususan-da, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ykdysady ösüş barada pikir alyşmalaryň bolandygy belledi.

Hususan-da, bu duşuşykda Entoni Blinkeniň ABŞ-nyň hökümetiniň 2022-nji ýylda “Merkezi Aziýada ykdysady durnuklylyk başlangyçlary” atly taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin ozal 25 million, ýene-de goşmaça 25 million, jemi 50 million dollar möçberinde maliýe serişdeleriniň bölünip beriljekdigi barada belläp geçendigi aýdyldy.

Ilçi Klimow bu maliýe serişdeleriniň sebitde hususy pudagyň ösdürilmegi, söwda ýollarynyň diwersifikasyýalaşdyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi, ylym-bilim ulgamynda alyş-çalyş maksatnamalary, ýaş hünärmenleriň iňlis diliniň öwredilmegini gazanylmagy ýaly köp sanly ugurlarda taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin ulanyljakdygyny belläp, ABŞ-nyň ilçihanasynyň öz gezeginde Türkmenistan üçin hem bu ugurlarda taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin maliýe serişdeleriniň çekilmegine goşant goşjakdygyny mälim etdi.

Şeýle hem ilçi öz çykyşynda ilçihananyň öňümizdäki aýlarda alyp barjak işleri barada durup geçip, bahar paslynyň birinji ýarymynda Waşingtonda her ýylky türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriň geçiriljekdigini, ABŞ-nyň işewürler wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň gurnaljakdygyny belledi.

ABŞ-nyň işewürler wekiliýetiniň Türkmenistana sapary barada aýdylanda bolsa, ilçi has köp iri amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň Aşgabada saparyny gurnamagy meýilleşdirýändiklerini belläp, Türkmenistanyň eksport ugurly harytlary, hususan-da nebithimiýa pudagyndaky öndürýän önümleriň satyn alynmagy ugrunda gyzyklanma bildirilýändigini aýtdy.

Ilçi ABŞ-nyň işewürleri üçin Türkmenistanda giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen telekeçileriniň hem Amerikanyň bazaryna aralaşmagyny gazanmagyň möhüm bolup durýandygyny belläp geçdi.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy HHR-iň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Wladimir Putin Oleg Kononenkony sylaglady

Türkmenistan we OPEK Gaznasy hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Aşgabatda türk aşhanasynyň hepdeligi geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan BMG bilen ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär