JEMGYÝET

ABŞ-nyň ilçihanasyndan iş mümkinçilikleri

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy birnäçe iş ugurlary boýunça boş orunlar barada bildiriş çap etdi. Şol bildirişe görä, ilçihana garawul (gorag işgäri) hem-de wauçer bilermeni ugurlary boýunça boş iş orunlarynyň bardygy bellenilip geçilýär.

Bu boş orunlar babatda ilçihananyň resmi internet saýtynda görkezilen salgyda elektron görnüşde ýüz tutmak mümkinçiligi bardyr. Bu iş orunlary üçin ýüz tutmagyň soňky möhleti 2021-nji ýylyň 11-nji ýanwaryna çenlidir.

Şeýle hem ABŞ-nyň “USAID” agentligi hem Merkezi Aziýadaky taslamalary üçin hünärmen gözleýär. Bu ugurdaky iş orny üçin hem ýüz tutmagyň ahyrky möhleti 11-nji ýanwara çenlidir.

Bulardan başga-da, BMG-niň ÝUNISEF edarasy jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk saklamak boýunça işgär gözleýär. Bu iş orny üçin hem ýüz tutmagyň soňky möhleti 14-nji ýanwara çenlidir.

Mundan başga-da, “Prep4Success” maksatnamasy esasynda uzagara okuw üçin hem 2021-nji ýylyň 4-nji fewralyna çenli ýüz tutmalar kabul edilýär.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Türkmenistan Russiýanyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjümi ýazgardy

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi