Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaýmyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ABŞ-nyň wekiliýetiniň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşandygy üçin amerikan tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Wekiliýetiň LLDC3-e gatnaşmagy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenildi.
Taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu ýylyň dowamynda syýasy geňeşmeleri geçirmäge gyzyklanma bildirildi.
Mundan başga-da, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän goşmaça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
