SPORT

ABŞ-nyň basketbol ýygyndysy 5-nji gezek Olimpiýa çempiony boldy

Pariž Olimpiadasynda erkekleriň arasynda basketbol boýunça final duşuşygy geçirildi. Onda ABŞ-nyň milli ýygyndysy ýer eýeleri Fransiýanyň ýygyndysyny 98:87 hasabynda utup, yzly-yzyna 5-nji gezek tomusky Olimpiýa oýunlarynda çempion bolmagy başardy.

Fransiýanyp ýygyndysyndan Wiktor Wenbanýama 26 utuk bilen final duşuşygynyň iň netijeli basketbolçysy boldy. ABŞ-nyň düzüminde bolsa, Stefen Karri 24 utuk jemledi.

4 ýyl mundan ozal, Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň finalynda-da ABŞ-nyň ýygyndysy Fransiýany ýeňipdi.

Şeýlelikde, ABŞ-nyň ýygyndysy 17-nji gezek Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler